Günorta Koreýanyň pop aýdym-saz topary BTS, şu güne çenli köp sanly marka bilen hyzmatdaşlyk etdi we dürli-dürli aksesuarlardan oýunjaklara çenli birnäçe önüm öndürdi. Bu gezek bolsa, K-pop topary BTS markaly çüýşeli suw çykardy.
Topar täze önümini “Twitter” jemgyýetçilik torunda ýerleşdiren wideosy bilen muşdaklaryna mälim etdi.
Suw çüýşelerinde her bir BTS agzasyny görkezýän çyzgylar hem ýerleşdirildi. Çüýşeli suw şu günden başlap “BTS-iň Weverse” söwda saýtynda elýeterli bolar.
Bilşimiz ýaly, BTS-iň dünýäde millionlarça muşdaklary bar, ýöne ýörite suw çüýşeleri her ýurtda elýeterli bolup bilmezligi ähtimaldyr. Çüýşeler diňe Günorta Koreýanyň içinde elýeterli bolar.
Geçen aý Günorta Koreýanyň biržalarynyň birinde gymmatyny iki esse artdyran meşhur K-pop toparynyň BTS-iň ýedi agzasynyň hem resmi taýdan multimillioner hökmünde yglan edildi. Bu, “Big Hit Entertainment” kompaniýasynyň Günorta Koreýanyň soňky üç ýylda birža sanawyndaky iň uly üstünligi bolandygyny mälim etdi.
Kompaniýanyň paýnamalary köpelip, onuň gymmaty 4,1 milliard dollar ýokarlandyrandygy mälim edildi.
DÜNÝÄNIŇ IŇ GOWY AÝDYM-SAZ TOPARY
BTS topary 2015-nji ýylda Koreýanyň aýdym-saz sergisi bolan SBS MTV Show-da ilkinji ýeňşini gazandy. Şol döwürde hiç kim bu toparyň Billboardda 1-nji bolmagyna we bary-ýogy üç ýyldan soň beýleki köp sanly dünýä belli aýdym-saz sanawyna girjekdigine garaşmandy. BTS topary gysga wagtda dünýädäki iň meşhur toparyň birine öwrüldi.
REKORDLAR YZLY-YZYNA
Hemmä mälim bolşy ýaly, bu topar “Youtube”-da täze “Dynamite” wideoşekilli aýdymy bilen hem rekord goýupdy. Ýarym sagadyň dowamynda 12 million tomaşaçy gazanyp, açylyş rekordyny täzelän klip, ilkinji 24 sagadyň dowamynda 100 milliondan geçip, 101,1 million tomaşaçy bilen rekordyny täzeledi.
BTS ‘BE’ (Deluxe Edition) atly täze albomyny çykarar. Muşdaklary 20-nji noýabrda çykjak täze alboma eýýämden uly tolgunma bilen garaşýarlar.
Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy