DÜNÝÄ

BSGG-niň wekiliýeti Uhandaky bazara baryp gördi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekiliýeti Hytaýdaky saparynyň çäklerinde koronowirus pandemiýasynyň ilkinji dörän ýeri hasaplanylýan Uhan şäherindäki deňiz önümleri satylýan bazara gelip gördi. Bu ýerde BSGG-niň wekillerini köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň uly topary garşylady.

Uhandaky bazara baryp görmek wekiliýetiň bu şähere guraýan iş saparynyň üçünji gününiň esasy wakasy boldy. Wekiliýetiň şu bazaryň ýakyndaky pandemiýanyň ilkinji günlerini ýatladýan bir muzeýe baryp görendigi hem habarlarda aýdylýar.

Ýeri gelende aýtsak, wekiliýeti Hytaýyň iri hassahanalarynyň birnäçesinde boldy. Onuň düzümine amerikaly, awstraliýaly, germaniýaly, ýaponiýaly, angliýaly, russiýaly, niderlandly, katarly we wýetnamly bilermenler girýär.

14-nji ýanwarda ýörite uçar bilen Hytaýa gelen wekiliýet 14 günlük karantin geçdi. Ýöne şol günlerde-de topar ýerli hünärmenlerden degişli maglumatlary aldy.

Koronowirus keseliniň ilkinji gezek Uhan şäherindäki bazarlaryň birinde ýüze çykarylandygyndan habaryňyz bardyr. Hytaý Hökümeti bu barada BSGG-a 2019-njy ýylyň 31-nji dekabrynda habar beripdi.

 

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

«Türkmenistan-Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisi geçiriler

Gyrgyzystan ilkinji gezek milli puluny özbaşdak çap etdi

Türkmenistan-ABŞ:söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatda GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň duşuşygyna taýýarlyk boýunça Teswirnama gol çekildi

Aşgabatda “Yn­san­per­wer­lik ýo­ly” ady bi­len hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di

Türkmenistanyň we Özbegistanyň bilim ministrleriniň duşuşygy geçirildi