DÜNÝÄ

Braziliýanyň Prezidenti Russiýa sapar eder

Braziliýanyň Prezidenti Žair Bolsonaru Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde Russiýada saparda bolar.

– Russiýanyň Prezidenti bizi Russiýa çagyrdy. Çakylyk kabul edildi. Meniň üçin bu örän hormatdyr. Bu biziň ýurtlarymyzyň arasynda ähli mümkinçilikleri açýar – diýip, Bolsonaru hepdelik çykyşynda mälim etdi.

Braziliýanyň lideriniň aýtmagyna görä, bu saparyň fewral-mart aýlarynda bolmagyna garaşylýar. Bolsanaru köp sanly ministrler bu sapary amala aşyrmagy meýilleşdirilýär. Braziliýanyň Prezidenti Russiýanyň Braziliýa bilen hyzmatdaşlygyna gyzyklanma bildirýär. Ol gatnaşyklaryň has-da pugtalandyryljakdygyny belledi.

Şu hepdäniň dowamynda Braziliýanyň daşary işler ministri albert Frank Fransyň Russiýa sapar etdi. Ol rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen duşuşdy. Bu saparyň çäklerinde iki ýurduň daşary syýasat edarasynyň arasynda syýasy geňeşmeler boýunça meýilnama gol çekildi.

 

Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň mejlisi

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Bütindünýä banky: hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Özbegistan durmuş goraglylygy pudagynda hyzmatdaşlygyny giňelder

Parahatçylygy wagyz etmekde jemgyýetçilik torlarynyň mümkinçilikleri ulanylýar

Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň mejlisi

Halkara Zähmet Guramasynyň ýokary derejeli wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Türkmen-katar parlamentara dostluk toparynyň mejlisi geçirildi