JEMGYÝET

BMG-niň Baş sekretarynyň birinji orunbasarynyň Türkmenistana sapary

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary Antoniu Guterreşiň birinji orunbasary Türkmenistanda saparda bolar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Şu ýylyň 6-njy iýunynda BMG-niň Baş sekretarynyň birinji orunbasary we BMG-niň durnukly ösüş boýunça toparynyň başlygy hanym Amina Mohammed Türkmenistanda saparda bolar.

Saparyň barşynda hanym Amina Mohammed Türkmenistanyň Prezidenti we ýurdumyzyň beýleki resmi ýolbaşçylary bilen gepleşikler geçirer.

Hanym Amina Mohammed Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary we Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş toparynyň başlygy bolup durýar.

Bu wezipä bellenmezinden ozal, hanym Amina Mohammed Nigeriýa Federal Respublikasynyň Daşky gurşaw ministri bolup işledi we şol ýerde ýurduň howasynyň üýtgemegine we daşky gurşaw tagallalaryna ýolbaşçylyk etdi.

Hanym Amina Mohammed 2012-nji ýylda BMG-niň düzümine girdi we ozalky Baş sekretar Pan Gi Munuň ýörite geňeşçisi bolup işledi.

 

Halkara adaty gatnawlarda karantin düzgüni

 

 

Ýene-de okaň

Halkara zenanlar güni mynasybetli 8-nji martdaky dynç güni 9-njy marta geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we «Arkadag» futbol klubunyň nyşany Türkiýäniň iň beýik belentligine galdyryldy

Türkmen-eýran serhedindäki gözegçilik geçiriş ýerleriniň işi kadaly dowam edýär

«Ak Işan» aramgähine mugt awtobus gatnawlary başlanýar

«Galkynyş» topary Azerbaýjanda çykyş etdi (suratlarda)

Ata Watan Eserleri

«Talyp gözeli-2026» atly gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

Ata Watan Eserleri