JEMGYÝET

BMG-niň Baş sekretaryndan Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk haty

Siziň Alyhezretiňiz!

2025-nji ýylyň 5 — 8-nji awgustynda Awazada Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmek baradaky başlangyjyňyz üçin Size hoşallygymy beýan etmek isleýärin. Ýurduňyzyň parahatçylyk we köptaraplaýyn dialog ýörelgelerine ozaldan gelýän ygrarlylygy maslahaty geçirmek üçin oňyn esaslary döretdi. Dünýäniň çar künjeginden gatnaşyjylary, şol sanda döwlet we hökümet Baştutanlaryny, raýat jemgyýetini, ýaşlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini umumy gün tertibiniň daşyna birleşdirmek boýunça eden tagallalaryňyza ýokary baha berýärin. Bu çäre deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlere durnukly we inklýuziw ösüşi gazanmaga mümkinçilik bermek üçin milli hereketleri, sebit hyzmatdaşlygyny, ählumumy syýasy tagallalary özara ylalaşmakda möhüm orny eýeledi.

Awaza syýasy Jarnamasy we Hereketleriň Awaza maksatnamasy Geljegiň bähbidine pakt hem-de durnukly ösüş ulgamynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibi bilen baglanyşykly bolup, geljek on ýyl üçin hereketleriň meýilnamasydyr. Bu borçnamalar söwda amallaryny ýeňilleşdirmäge, düzümleýin özgertmelere, ulag arabaglanyşygyna, tehnologiýalara, howanyň üýtgemegine durnuklylygy pugtalandyrmaga we halkara goldawy herekete getirmäge aýratyn ähmiýet bermek bilen, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek işini çaltlandyrar.

Şeýle hem maňa we meniň wekiliýetime bildirilen myhmansöýerlik üçin Size hem-de Türkmenistanyň halkyna çuňňur hoşallygymy beýan edýärin. Hereketleriň Awaza maksatnamasyny doly we netijeli durmuşa geçirmek işinde Siziň bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek mümkinçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Siziň Alyhezretiňize belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Iň gowy arzuwlar we tüýs ýürekden hoşallyk bilen,

Antoniu GUTERRIŞ,
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Eýrana ynsanperwerlik kömegini iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri agzaçar sadakasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Taryhy gymmatlyklarymyz Rimiň Kapitoliý muzeýinde görkezilýär

Türkmenistanda 21-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

Türkmenistan Eýrana ynsanperwer kömegini iberýär

Türkmenistanda Gadyr gijesi mynasybetli 336 sany raýatyň günäsi geçildi