DÜNÝÄ

BMG-niň Baş sekretary Merkezi Aziýa saparyna başlady

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Merkezi Aziýa saparyna başlady. Ol bu saparynyň çäklerinde ilkinji bolup, Özbegistana geldi. Daşkent şäheriniň halkara howa menzilinde Antoniu Guterrişi Özbegistanyň Premýer-ministri Abdulla Aripow garşylady.

Howa menzilindäki gysga wagtlyk söhbetdeşlikden soňra BMG-niň Baş sekretary Guterriş Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowyň ugratmagynda saparyň dowamynda özi üçin göz öňünde tutulan kabulhana gitdi.

BMG-niň Baş sekretary bu saparynyň dowamynda howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça ýerine ýetirilýän taslamalar bilen tanşar.

Şeýle hem ol Özbegistandan soňra Gyrgyzystanda, Gazagystanda, Täjigistanda we Türkmenistanda saparda bolar.

Antoniu Guterriş soňky gezek sebitde 2017-nji ýylda saparda bolupdy.

Habar berlişine görä, BMG-niň Baş sekretary “Uzbekistan Airways” komapniýasynyň Nýu-Ýork-Daşkent uçar gatnawy bilen Daşkent şäherine gelendigi habar berilýär.

Ýene-de okaň

Zenanlaryň 200-den gowragy «Ene mähri» diýen hormatly ada eýe boldular

ÝB-niň ýokary wekili bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Dünýäniň iň uly aýsbergi ýalpaklyga oturdy

Arkadag şäherine çenli uzap gidýän ýol “Ahalteke atlary” şaýoly diýlip atlandyrylar

Türkmenistanyň Mejlisinde Halkara zenanlar güni mynasybetli dabara geçirildi