DÜNÝÄ

BMG-niň Baş sekretary Guterriş Gazagystanda

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Gazagystanda saparda bolup, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen Almaty şäherinde döredilen durnukly ösüş boýunça Merkezi Aziýa sebitleýin merkezine baryp gördi.

Tokaýew Guterriş bu merkeziň açylmagy üçin beren goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi.

– Biz Siziň “UN80” atly öz wagtyndaky we uzakgörüjilikli başlangyjyňyzy goldaýarys. Gazagystan BMG-niň döwrebaplaşdyrylmagy tagallalaryny dolulygyna goldaýar – diýip, Tokaýew belledi.

Antoniu Guterriş hem öz gezeginde Gazagystanyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek, şeýle hem durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmek ugrundaky goşantlaryna uly baha berdi.

Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar BMG-niň Merkezi Aziýa we Owganystan üçin Durnukly ösüş maksatlary boýunça sebit merkeziniň işiniň geljegi, Birleşen Milletler Guramasyny özgertmek meseleleri, halkara we sebit gün tertibi, şeýle hem özara gyzyklandyrýan beýleki degişli meseleleri ara alnyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi

Türkmenistan Halkara Deňiz Guramasynyň konwensiýalaryna goşular

Türkmenistan bilen Özbegistan migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy