DÜNÝÄ

BMG-niň Baş Assambleýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan wezipeleri barada brifing geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan wezipeleri barada brifing geçirildi.

Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, Aşgabatda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle-de ýerli KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.

Öz çykyşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňümizdäki şanly 80-nji sessiýasynyň wajyplygy barada aýratyn belläp, munuň köptaraplaýyn diplomatiýanyň durnuklylygyny we wajyplygyny alamatlandyrýan ähmiýetli sepgitdigini nygtady.

Türkmenistanyň ynanyşmaga we hormat goýmaga esaslanan oňyn bitaraplyk syýasatynyň durnuklylygy berkitmegiň, gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň hem-de halkara hyzmatdaşlygyň ösüşiniň netijeli guralydygyndan ugur alýandygy barada bellenip geçildi.

Brifinge gatnaşyjylar özara pikir alşyp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan wezipeleriniň çäklerindäki meseleleri durmuşa geçirmek ýolunda ysnyşykly özara gatnaşyklary dowam etdirmek babatda aýtdylar.

Brifingiň dowamynda parahatçylyk gurluşyk, sebitleýin we halkara durnuklylygy hem-de durnukly ösüşi öňe sürmek meselelerinde Türkmenistanyň işjeň we konstruktiw orny barada bellenildi.

Ýene-de okaň

“Owganystan-Merkezi Aziýa” konsultatiw duşuşygy geçiriler

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy