JEMGYÝET

BMG-niň Awazadaky forumynda žurnalistler üçin zerur şertler dörediler

Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň geçiriljek toplumynyň binalarynyň enjamlaşdyrylyş derejesi bilen hem gyzyklandy.

BMG-niň howandarlygynda geçiriljek forumda çykyş edýänler, terjimeçiler hem-de forumyň geçişini beýan edýän žurnalistler üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigi, bu ýerde aragatnaşyk we internet ulgamlarynyň sazlaşykly, bökdençsiz işiniň ýola goýulmalydygy barada-da aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, bu babatda meýletinçileriň alyp barýan işlerine möhüm ähmiýet berilmelidir. Dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň taýýarlan maglumatlaryny öz ugurlary boýunça iberip bilmekleri üçin zerur mümkinçilikler göz öňünde tutulmalydyr. Şeýle hem binalarda ses akustika meseleleri ýokary derejede çözülmelidir. Munuň özi halkara forumyň dünýä giňişliginde doly derejede wagyz edilmegine oňyn täsirini ýetirer.

Bu barada aýtmak bilen, Gahryman Arkadag öňde boljak halkara forumyň köp ugurlary öz içine almalydygyny belledi we bu babatda hiç bir meseläniň ünsden düşürilmezligi bilen bagly maslahatlary berdi.

Forumyň çäklerinde Türkmenistan bilen BMG-niň gatnaşyklaryna bagyşlanan wideoşekilleriň taýýarlanylmalydygy hakynda hem aýdyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri toplumyň foruma gatnaşyjylar üçin niýetlenen naharhanasynda degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda guran çaý başyndaky söhbetdeşliginde-de halkara maslahatyň guramaçylyk derejesi, oňa gatnaşýanlaryň özara duşuşyklara, gepleşiklere gatnaşmaklary hem-de forumyň metbugat serişdelerinde giňden wagyz edilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini aýdyp, bu babatda öwüt-nesihatlaryny berdi.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýda dostlukly saparda bolar

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halkyny Gadyr gijesi bilen gutlady

Türkmenistan Eýrana ynsanperwerlik kömegini iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri agzaçar sadakasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Taryhy gymmatlyklarymyz Rimiň Kapitoliý muzeýinde görkezilýär

Türkmenistanda 21-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler