JEMGYÝET

BMG-niň Awaza forumy: Türkmenistanyň Prezidentiniň duşuşyklary

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen dünýäniň dürli ýurtlarynyň döwlet we hökümet Baştutanlary, şeýle hem wekiliýet ýolbaşçylary bilen ikiçäk duşuşyklary geçirdi.

Şol duşuşyklary barada:

Türkmenistanyň Prezidenti Eswatininiň Patyşasy bilen duşuşdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Eswatininiň Patyşasy Mswati III bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz maslahatyň çäklerinde belent mertebeli myhmanyň Türkmenistan barada, hususan-da, energetika ulgamynda ýetilen sepgitler, ýurdumyzyň tebigy baýlyklary, eksport kuwwaty hakynda baý maglumatlary edinmek mümkinçiliginiň boljakdygyny belledi hem-de Türkmenistanyň Eswatini Patyşalygy bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça netijeli başlangyçlary we teklipleri goldamaga taýýardygyny nygtady.

Taraplar iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň uzak möhletli, özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin berk binýady döretjekdigine, Türkmenistan bilen Eswatininiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklaryny ýakynlaşdyrmaga ýardam berjekdigine, parahatçylygy we durnuklylygy ösdürmäge goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Liwiýa Döwletiniň Prezident Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Liwiýa Döwletiniň Prezident Geňeşiniň Başlygy Muhammed Ýunus Menfi bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Liwiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk dost-doganlyk, birek-birege hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin iki ýurduň hem giň mümkinçilikleriniň bardygyna ünsi çekdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyzda bolýan Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky däp bolan dostlukly, netijeli gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-gruzin döwletara dialogynyň möhüm bölegi bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, ýurtlarymyz ulag, senagat, saglygy goraýyş ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Ulag-logistika ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan “Gara deňiz — Hazar deňzi”, “Lapis Lazuli” ulag geçelgeleriniň durmuşa geçirilmegine we ösdürilmegine gyzyklanma bildirýär.

Söhbetdeşler medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigine üns çekip, ylym-bilim, medeniýet, sungat ulgamlarynda bilelikde işlemek, tejribe alyşmak üçin iki ýurduň hem uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtadylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti bilen duşuşdy

 Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Mohammad Reza Aref bilen duşuşdy.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk we deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn görnüşde, halkara guramalaryň çäklerinde birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, gurluşyk, oba hojalygy ýaly pudaklarda netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigini, hususy pudagyň ugry boýunça dialogyň has-da işjeňleşdirilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadow bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygy meselelerine geçip, köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara dialogyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmegine iki ýurduň hem ygrarlydygyny nygtadylar. Häzirki wagtda Türkmenistan we Azerbaýjan diňe bir ikitaraplaýyn esasda gatnaşyklary işjeň ösdürmek bilen çäklenmän, iri halkara guramalaryň, sebit düzümleriniň çäklerinde-de netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.

Ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýynda geçen duşuşygyň barşynda taraplar däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi

 “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Dmitriý Patruşewi kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, bu forumyň türkmen topragynda geçirilmegi deňze göni çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň durnukly ösüşini gazanmak, olaryň dünýä bazarlaryna üstünlikli çykmagyny üpjün etmek işine Türkmenistanyň berk ygrarlydygyny görkezýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklar uzak möhletleýin häsiýete eýe bolup, deňhukuklylyk, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda alnyp barylýar. Ikitaraplaýyn döwletara dialog hyzmatdaşlygyň baý taryhy tejribesine, berk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýar. Syýasy dialog, şol sanda ýokary derejedäki köpugurly hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Häzirki günde ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, köptaraplaýyn formatlarda hem netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Prezidentini mähirli mübärekläp, ýurdumyzda geçirilýän giň möçberli çärä gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi we pursatdan peýdalanyp, Prezident Şawkat Mirziýoýewi Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglanmagy mynasybetli gutlady.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ýakyn goňşusy hem-de ygtybarly hyzmatdaşy bolan Özbegistan Respublikasy bilen özara bähbitli gatnaşyklara ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugry hökmünde garalýandygyny belledi. Häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklar dostlugyň berk binýadyna, ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bolan syýasy erke esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylandygyny kanagatlanma bilen nygtadylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri, hususan-da, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, durnukly energetikany we ulag ulgamyny ösdürmek, suw serişdelerini peýdalanmak, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi ýaly meselelerde Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri boýunça pikir alyşmagyň dowamynda söwda, energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bellenildi.

Söhbetdeşler özara haryt dolanyşygynyň netijeli häsiýetini belläp, söwda ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin iki ýurduň hem uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtadylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gyzyklanma bildirip pikir alyşdylar.

Taraplar dürli ulgamlardaky özara hyzmatdaşlygyň gazanylan derejesine hem-de toplanan oňyn tejribesine ýokary baha berip, bar bolan mümkinçilikleri doly derejede ulanmagyň we hyzmatdaşlygy täze sepgitlere çykarmagyň zerurdygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler ozal gazanylan hem-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gönükdirilen ylalaşyklaryň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini nygtadylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Hytaý tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekdi

“Makul habar” elektron gazeti (33-sany)

Ata Watan Eserleri

Awazada taryhy üçtaraplaýyn duşuşyk: energetika we ulag hyzmatdaşlygy ösdüriler

Özbegistanyň Prezidentine köşekli arwana düýe sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Awazadaky taryhy üçtaraplaýyn duşuşyk: resminamalar toplumyna gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň Prezidentine ahalteke bedewini sowgat berildi

Ata Watan Eserleri