SIZDEN GELENLER

BMG-niň Awaza forumy: hyzmatdaşlykda täze sahypa

Şu ýylyň 5 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty üstünlikli geçirildi. Ol dünýäniň deňze göni çykalgasy bolmadyk 32 ýurdy üçin köpugurly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak babatda möhüm halkara meýdança bolup hyzmat etdi. Häzirki ählumumylaşma we dünýä ykdysadyýetiniň üýtgäp durýan şertlerinde bu döwletleriň ösüş hem integrasiýa meseleleri aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Maslahatyň dowamynda bu döwletleriň geljek on ýyl üçin ösüşiniň strategik ugruny kesgitleýän 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy yglan edildi hem-de Awaza syýasy Jarnamasy kabul edildi. Bu resminamalar DÇBÖBD-nä mahsus meseleleriň halkara ykrarnamasy bolmak bilen, infrastrukturany, söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge, howanyň üýtgemegine garşy durnuklylygy pugtalandyrmaga, maliýe serişdelerini herekete getirmäge gönükdirilen anyk çözgütleri teklip edýär. BMG-niň ýurdumyzda geçirilen bu iri çäresi dünýä metbugatynyň sahypalarynda giňden şöhlelendirildi.

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleri boýunça ileri tutulýan ugurlaryň 5-si kesgitlenildi. Şolaryň ilkinjisi agzalan ýurtlary geografik-infrastruktura çäklendirmesinden alyp çykmak bilen bagly. Çünki munuň özi olaryň söwda gatnaşyklaryny bökdeýär, ulag arabaglanyşygyny çäklendirýär. Hereketleriň Awaza maksatnamasy bolsa bize bu babatda zerur çözgütleri hödürleýär. Teklip edilen Infrastruktura maýa goýumlary maliýeleşdirmek gaznasy ulag daşamalarynyň ýetmezçiligini ýeňip geçmek üçin döwlet-hususy maýasyny herekete getirip biler.

Maslahatda ulag we üstaşyr geçirmek meselelerine-de deglip geçildi. Hereketleriň Awaza maksatnamasynda durnukly ulag geçelgelerini ösdürmäge, gümrük amallaryny ýeňilleşdirmäge, logistikany sanlylaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Şeýle hem forumda üstaşyr çykdajylary azaltmaga we halkara bazarlara elýeterliligi ýokarlandyrmaga ýardam berjek integrirlenen ulag ulgamlaryny döretmegiň, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm ähmiýeti bellenildi. Howanyň üýtgemegine durnuklylygy pugtalandyrmak hem wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Maslahatda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň çäklerinde Deňze çykalgasy bolmadyk döwletler boýunça topary döretmek barada karara gelindi. Munuň özi tagallalary utgaşdyrmaga, maliýe serişdelerini çekmäge ýardam berer.

Forumda kabul edilen iki möhüm resminama geljek on ýylda umumy tagallalar üçin ýol görkeziji bolup hyzmat eder. 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynda üstaşyr ulag ulgamlaryny kämilleşdirmek, ykdysadyýetleri diwersifikasiýalaşdyrmak, sanly özgertmeleri tizleşdirmek, howanyň üýtgemegine durnuklylygy ýokarlandyrmak, maýa goýumlary çekmek, deňze çykalgasy bolmadyk ähli ösüp barýan döwletlerde inklýuziw hem-de durnukly ösüş üçin binýat döretmek boýunça anyk çäreler beýan edilýär.

Awaza syýasy Jarnamasy jebisligiň we raýdaşlygyň beýan edilmegi bolmak bilen, BMG-niň durnukly ösüş ulgamynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmäge, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň dünýä ykdysadyýetine doly goşulyşmagyny üpjün etmäge umumy ygrarlylygy tassyklaýar.

Foruma gatnaşyjylar gazanylan ylalaşyklaryň we kabul edilen resminamalaryň mundan beýläk-de bilelikde hereket etmek üçin berk esas boljakdygyna ynam bildirip, kabul edilen çözgütleriň we maslahatlaryň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Şeýlelikde, bu maslahat halkara hyzmatdaşlykda möhüm waka boldy. Bitarap Türkmenistan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlere degişli wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdançany üpjün etdi, ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesi bolsa gatnaşyjylaryň arasynda dialogy alyp barmaga we ynanyşmak, açyklyk ýagdaýyny döretmäge ýardam berdi.

Türkmenistan kabul ediji tarap hökmünde öz üstüne alan halkara borçnamalaryna we ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezip, dünýä syýasatyndaky eýeleýän ornuny pugtalandyrdy. BMG-niň bu giň möçberli çäresiniň Awazada geçirilmegi ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berip, dürli sebitleriň we medeniýetleriň arasynda dialog üçin platforma hökmünde ähmiýetini has-da artdyrdy.

Awaza forumy Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilendigi bilenem aýratyn ähmiýete eýedir. Mundan başga-da, şu ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk ýubileýi hem dabaralandyrylýar. Bularyň ählisi simwolik manyny özünde jemleýär.

Orazaly Babalyýew, 

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň Bedenterbiýe kafedrasynyň mugallymy.

Ýene-de okaň

Milli arhiwiň ähmiýeti

Awaza forumy – halklary jebislendirýän maslahat

Halkara ähmiýetli forum

Dost-doganlygy dabaralandyrjak forum

Ata Watan Eserleri

Awaza forumy – halkara gatnaşyklaryň täze sahypasy

Ata Watan Eserleri

Awaza – dostluk mekany