JEMGYÝET

BMG-den täze baýramçylyk – Bütindünýä futbol güni döredildi

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy kabul eden kararnamasyna laýyklykda, 25-nji maý Bütindünýä futbol güni hökmünde ykrar edildi. Gurama agza döwletleriň 160-dan gowragynyň awtordaşlygynda taýýarlanan resminama biragyzdan kabul edildi.

– 25-nji maýy – Bütindünýä futbol güni hökmünde ykrar etmeli. 2024-nji ýylda 1924-nji ýylda Pariž şäherinde geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynyň çäklerinde geçirilen ilkinji halkara futbol ýaryşyna 100 ýyl dolýar – diýlip kararnamada bellenilip geçilýär.

Şeýle hem resminamada gurama agza döwletler futbol bilen bir hatarda sporty hem-de fiziki işjeňligi ösdürmek boýunça maksatnamalary we strategiýalary kabul etmäge çagyrylýar.

Mundan başga-da, Bütindünýä futbol gününi milli ýörelgeler laýyklykda belläp geçmek hem-de futboluň hemmeler üçin atykmaçlyklary barada maglumatlary ýaýratmak teklip edildi.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň daşary işler ministrini kabul etdi

Adam atlarynyň manysy 21-nji ýanwar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we BAE-niň daşary işler ministrleri Abu-Dabide duşuşdy