JEMGYÝET

BMG-den hoş habar: 26-njy noýabr – Bütindünýä durnukly ulag güni

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen 26-njy noýabry Bütindünýä durnukly ulag güni diýip yglan etdi. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Bu möhüm çözgüt, 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça ähliumumy maslahatynyň geçirilen gününden gelip çykýar. Bu güni tassyklaýan kararnama Baş Assambleýasy tarapyndan 2023-nji ýylyň 16-njy maýynda 77-nji sessiýanyň 70-nji mejlisinde kabul edildi.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili, ilçi Aksoltan Ataýewa eden çykyşynda “Bütindünýä durnukly ulag güni” Rezolýusiýasynda Baş Assambleýasynyň Başlygyna Ykdysady we Durmuş meseleleri boýunça departamenti bilen hyzmatdaşlykda Assambleýanyň 78-nji sessiýasynda Nýu-York şäherinde Durnukly ulag meseleleri boýunça Ýokary derejeli mejlisini geçirilmegi tabşyrylýar.

Bu möhüm Kararnamanyň awtordaşy bolup BMG-ä agza döwletleriň 67-si çykyş etdi.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen FAO guramasynyň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi

ABŞ-nyň ýörite wekili Serjio Goruň Türkmenistana sapary

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy guralar

Türkmenistanda FAO-nyň wekilhanasyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi