BILIM

Bize okamaga geliň

Aşgabat şäher häkimliginiň 4-nji başlangyç hünär okuw mekdebi 2020-2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yg­lan edýär:

  1. Buhgalterçilik işi.
  2. Kompýuter toparyny sazlaýjy.
  3. Kompýuter tehnikalaryny bejeriji we hyzmat ediji ussa.
  4. Kompýuter montažçy.
  5. Sanly maglumaty işläp taýýarlamak boýunça ussa.
  6. Tikinçi-biçimçi.
  7. Sowadyjylary we kondisionerleri bejeriji ussa.
  8. Iş ýörediji.
  9. Ýaşaýyş-jemagat hojalygynyň ussasy.
  10. Çeper bezeg işlerini ýerine ýetiriji.

Tassyklanan meýilnamalara laýyklykda, ähli hünärlerde iňlis dili we kompýuter öwredilýär. Başlangyç hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär.

Okuwyň möhleti hünärleriň çylşyrymlylygyna görä, degişlilikde 10 aý ýa-da 1.5 ýyl. Okuwlar tölegli.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry 2020-nji ýylyň 25-nji awgustyna çenli kabul edilýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— pasportyň göçürmesi (eger şahsy pasporty alynmadyk bolsa, onda dogluş hakyndaky şahadatnamasy);

— umumy orta bilim baradaky resminamanyň asyl nusgasy we göçürmesi;

— bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— üç arkasy barada maglumat;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenleriň harby şahadatnamasynyň, harby gullugy geçmedikleriň ýazylyş şahadatnamasynyň göçürmesi;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3х4 sm. ölçegdäki 6 sany fotosurat.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. Gi­riş sy­nag­la­ry we oku­wa ka­bul edil­mek 2020-nji ýylyň 28-29-njy awgustynda başlangyç hünär okuw mekdebinde geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Okuw mekdebinde 6 aý möhlete çenli aşakdaky hünärler boýunça hünär taýýarlygy, işgärleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak maksady bilen, gysga möhletli okuwlar hem alnyp barylýar.

  1. Tikinçi-biçimçi.
  2. Buhgalter hasabynyň we telekeçiligiň esaslary.
  3. Elektrik togy we gaz bilen kebşirleýji.
  4. Kompýuter sowatlylygy.

Ge­rek­li res­mi­na­ma­lar:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza ýa-da edara-kärhananyň hünärmen taýýarlamak baradaky sargyt haty;

— pasportyň göçürmesi;

— bilimi baradaky resminamanyň göçürmesi;

— 3х4 sm. ölçegdäki üç sany fotosurat.

Bellik: 10 aý we 1.5 ýyl möhletli okuwlary doly tamamlan uçurymlara döwlet nusgasyndaky başlangyç hünär bilimi hakyndaky diplom berilýär.

Gysga möhletli okuwlary tamamlan diňleýjilere döwlet nusgasyndaky şahadatnama berilýär. Okuwlaryň gündizki we agşamky bölümleri hem bar.

Mek­de­biň sal­gy­sy: Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Bi­lim kö­çe­si­niň 20-nji ja­ýy. Te­le­fon bel­gi­le­ri: 34-49-91; 34-06-15; 34-47-79.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda kliniki ordinatura kabul etmegiň tertibi

“Iňlis dili” dersi boýunça IV halkara internet olimpiadasy

Türkmen wekiliýetiniň Rumyniýa iş sapary

Malaýziýanyň türkmen talyplary üçin talyp haklary mümkinçilikleri öwreniler

Garward uniwersitetinde mugt okamak mümkinçiligi: maliýe kömegini giňeldilýär

«Iň eýjejik gyzjagaz – 2025» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi