“Döwlet adam üçin” – şygarly Watan,
Buýsançdan baýdakly, diýarly Watan.
Şygyr, gazal ýazsam namyňa Watan,
Gözel heňim goşsam, şanyňa Watan!
***
Alnyňdan gün dogmyş,gadym halkyň bar,
Halyň reňki älemgoşar ýalkymlar,
Toý- baýramda bedew atlar silkenýär,
Aýlawda baglap, nalyna, Watan!
***
Gül diýarym dost- doganlyk mekany,
Arşy owazlary, aýdym- mukamy,
Baýyrlardan gül jähekli ýakaňy,
Döksem nurly- nurly ýoluňa, Watan!
***
Beýikden beýige boýlap ganatym,
Mertebämdir, Bitaraplyk zynatyň,
Baýdakda parlaýar nurly syratyň,
Buýsanç şugla saçýar dalyňa, Watan!
***
Dünýä nusga Bitaraplyk nyşanly,
Illeriň parahat, ýollaryň şanly,
Arkadagyň ýoly bilen bu şanly,
Dowam edýäs arşy ýoluňy, Watan!
Firuza Suýundikowa,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.
