SIZDEN GELENLER

Bitaraplyk — mukaddes gymmatlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly tagallalary esasynda  Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli işleri uly üstünlikler bilen dowamat dowama beslenýär. Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzda we halkara giňişliginde geçirilýän çäreler bolsa dünýäni buýsandyrýar.

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 21-nji  martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Ählumumy parahatçylyga, abadançylyga, durnukly ösüşe gönükdirilen başlangyçlaryna dünýäde ýokary baha berilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan  2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda, 193 döwletiň goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň ikinji gezek kabul edilmegi, 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek baradaky Kararnamanyň kabul edilmegi şeýle hem ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň ýene bir gezek biragyzdan kabul edilmegi, şeýle hem ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň ýene bir gezek biragyzdan kabul edilmegi ýaly taryhy wakalar tutuş adamzadyň bagtly geljegi üçin parahatçylyk maksatly işler boldy.

Äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy we dur­nuk­ly ösü­şi pug­ta­lan­dyr­mak işin­de Türk­me­nis­tan iri, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry, oza­ly bi­len-de, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy, onuň dü­züm bö­lek­le­ri bi­len hyz­mat­daş­lyk et­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, şu ýy­lyň 11-nji ap­re­lin­de ABŞ-nyň Nýu-Ýork şä­he­rin­de BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 79-njy ses­si­ýa­sy­nyň 63-nji ple­nar mej­li­sin­de «BMG-niň deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýun­ça üçün­ji mas­la­ha­ty­ny ge­çir­me­giň ter­ti­bi­ne goş­ma­ça mag­lu­mat» at­ly Ka­rar­na­ma bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­di. Bu ta­ry­hy Ka­rar­na­ma la­ýyk­lyk­da, Baş As­samb­le­ýa ta­ra­pyn­dan hal­ka­ra mas­la­ha­ty şu ýy­lyň 5 — 8-nji aw­gus­ty ara­ly­gyn­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çir­mek kes­git­le­nil­di. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň öňe sür­ýän baş­lan­gyç­la­ry­nyň dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan yk­rar edil­ýän­di­gi­niň aý­dyň be­ýa­ny­dyr.

Paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ri­len «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly: dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek­de se­bi­ta­ra yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň or­ny» at­ly hal­ka­ra mas­la­ha­tyn­da hem ulag dip­lo­ma­ti­ýa­sy, ulag-lo­gis­ti­ka­sy­ny dün­ýä­de we se­bit­de ös­dür­mek ba­ra­da­ky mö­hüm ugur­la­ra se­re­dil­di. Dün­ýä­niň ösü­şin­de ulag-lo­gis­ti­ka­nyň, esa­san hem, de­ňiz ýol­la­ry­nyň aý­ra­tyn äh­mi­ýe­ti bar­dyr. Mu­nuň özi ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ra hem oňyn tä­sir ed­ýär. Şeý­le be­ýik iş­ler, umu­ma­dam­zat bäh­bit­li baş­lan­gyç­lar pa­ra­hat­çy­ly­gyň ber­ki­dil­me­gin­den, aba­dan dur­muş­dan göz­baş al­ýar. Şun­da ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik ýö­rel­ge­le­ri esa­sy orun­da dur­ýar.

Taryhy Kararnama Bitaraplygyň türkmen nusgasyna dünýä döwletleriniň uly ynam bilen bil baglaýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alýan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgeleri türkmen Bitaraplygynyň düýp özenini düzüp, tutuş dünýäde olaryň giňden ýaýylmagynda uly tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden öňe süren başlangyçlarynyň bu günki gün dünýäde asudalygyň pugtalandyrylmagyna, parahat ýaşaýşyň üpjün edilmegine, halklaryň arasynda ysnyşykly gatnaşyklaryň berkidilmegine uly esas bolandygy, munuň şeýledigine BMG-ä agza döwletleriň ýurdumyzyň başlangyçlaryny biragyzdan goldaýandyklarynyň anyk subutnama bolup durýandygy barada buýsanç bilen bellemek bolar.

Dünýäniň parahatçylygy, halklaryň bir-birek bilen ynanyşmagy — tutuş adamzadyň bagtyýarlygy, bagtydyr. Bu gün bütin adamzadyň ykbaly, ýagty geljegi hakynda alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary, ýurt hem dünýä ähmiýetli beýik işleri her birimiz üçin nusgalyk mekdep. Goý, şanly ýylymyzyň toýly günlerine dowamat beren hemişelik Bitaraplygymyzyň çawy mundan beýläk-de dünýä dolsun! Baharyň hoştap howaly günlerinde ýüreklerimize joşgun salan hoş habarlaryň yzy üzülmesin!

Bägül Kakalyýewa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby. 

Ýene-de okaň

Dil bilmek ylymlaryň açarydyr

Ata Watan Eserleri

Pedagogika we psihologiýanyň ähmiýeti

Türkmen ýaşlarynyň ylmyň ösüşindäki orny

Goşa mukaddesligiň belent sarpasy

Parahatçylyk – geljegiň rowaçlygy

Türkmenistan – bagtyýar çagalygyň mekany