JEMGYÝET

Bitaraplyk binasy döwrebaplaşdyrylýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň çäklerinde iş maslahatyny geçirdi. Onda paýtagtymyzda durky täzelenilýän Bitaraplyk binasy we onuň hojalyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bitaraplyk binasynyň talabalaýyk döwrebaplaşdyrylmagyna, onda BMG-niň baýdagynyň reňkiniň öz beýanyny tapmagyna jogapkärçilikli çemeleşilmelidir. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Arkadagymyz Bitaraplyk binasynyň töweregindäki desgalaryň gurluşygynyň, bezeg işleriniň bu künjegiň derejesine laýyklykda ýerine ýetirilmelidigini belledi. Hemişelik Bitaraplyk derejesi BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary esasynda ykrar edilen ýurdumyzda bu şanly sene mynasybetli guraljak dabaralar häzirki döwrüň ruhuna, milli toý dessurlaryna kybap derejede ýaýbaňlandyrylmalydyr. Milli Liderimiz tutumly toýlarda Watanymyzyň ýeten derejesiniň, ýurdumyzyň tutuş adamzat ähmiýetli öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň öz beýanyny tapmalydygyny hem-de ähli binalaryň bezeg işleriniň, reňkleriniň Bitaraplyk derejämize laýyk sazlaşygyny üpjün etmek boýunça zerur tagallalaryň edilmelidigini nygtady.

Tanyşlygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz bu künjekde türkmen Bitaraplygynyň taryhyna degişli maglumatlary özünde jemleýän muzeýiň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, ugurdaş düzümleriň, şol sanda seýilgähiň gurulmagyna, onda oturdyljak saýaly baglaryň görnüşleri boýunça degişli alymlar bilen geňeşmeleriň geçirilmegine zerur üns berilmelidigini aýtdy.

Ýene-de okaň

Pezeşkian: Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklarymyzy giňelderis

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Tatarystan bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly baha berýäris

Türkmenistanyň Prezidentiniň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Türkiýä sapary

Ata Watan Eserleri

Eýranda 3-nji Hazar ykdysady forumy geçirildi

Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bellendi