TESWIRLER

Bitaraplyk: Adalga hakynda kelam-agyz söz

Biratap, Birataplyk, Hemişelik Bitarap, Hemişelik Bitaraplyk, Hemişelik Bitarap Türkmenistan, Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwleti… ýaly sözleri häzirki zaman türkmen diliniň resmi, syýasy we hukuky adalgalary hökmünde giňden ulanylýar. Özem bu sözler (hut şeýle atlandyrmalar, adalgalar) türkmen diline mahsusdyr. Türkmenler tarapyndan işjeň ulanylýan sözlerdir. Elbetde, bularyň asly alynma sözler bolup biler. Emma giň gerim bilen ulanylyşyna diňe türkmen dilinde duşmak mümkindir.

Onda şol sözleri türkmenler işjeň ulanýan bolsalar, şol sözleriň manysyny-da türkmenleriň gowy bilýändigine şübhe ýokdur. Gürrüňi edilýän adalgany emele getirýän sözüň gurluşy iki sany bölekden ybaratdyr.

Birinji bölegi kiçidir, “bi-” galybydyr, sözöňi kömekçidir, sözleriň öňünden gelme häsiýete eýedir. Beýle nusgaly gurluş türkmen dilinde mahsus däldir. Sebäbi türkmen dili köküň öňünden däl, tersine, köküň soňundan gelip goşulanlar bilen ýasalýan galyplara eýe bolan gadymy dilleriň biridir.

Sözüň ikinji bölegi bolsa birinjä garanyňda, uludur, “tarap” sözüdir.

Sözöňi kömekçi bolan “bi-”, köplenç, manysy taýyndan ýoklugy aňladýan goşulmadyr. Sözüň soňundan gelende “-syz” goşulmasy bilen berilýändir.

Eýsem, şeýle bolýan bolsa, onda “bi-” diýen bölek bilen “tarap” sözüniň birleşmeginden emele gelýän “bitarap” sözüniň manysynda ýokluk barmyka?!

“Bitarap”, “Bitaraplyk” sözünde ýokluk ýokundysy ýokdur. Başgaça aýdanymyzda, tarap ýok bolup gitmedi, tarap bardyr. Emma beýleki taraplardan tapawutly bir tarap bardyr.

Bu tarapyň esasy tapawutlary:

1)Beýleki tarapyň ýok edilmegini, hatardan çykarylmagyny, aradan aýrylmagyny isleýänlere goşulmazlygy bilen tapawutlanýan tarap;

2)Biri-birini inkär eden taraplaryň arasynda durup, aralykçy bolup, olary parahatçylykly ýol bilen özara ylalaşdyrmaklygy bilen tapawutlanýan tarap;

Bitaraplygyň esasy aýratynlygy dostlukly gatnaşykdan, agzybirlikden, parahatçylykdan ybaratdyr. Gysgaça düşündirişi şeýledir. Bitaraplyk halkara derejesindäki dostlukly gatnaşykdyr. Hemişelik Bitaraplyk halkara derejesindäki hemişelik agzybirlikdir. Hemişelik Bitaraplyk halkara derejesindäki hemişelik parahatçylykdyr.

Ýene-de okaň

“Durmuşda iň gymmatly zat näme?”

Tanamaýan birine sesli habar ýa-da tekst ýazmazdan öň nämäni göz öňünde tutmaly?

Ogluň kakasy bilen synagy

Ata Watan Eserleri

“Ýalan söýgä ynanyp, gezipdirin begenip”

“Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez”

Ata Watan Eserleri

Emeli aň (AI) ýa-da emeli intellekt sebäpli işden çykarmalar başlady