SIZDEN GELENLER

Bitarap Diýara Täze ýyl geldi!

Tamamlanyp barýan 2024-nji — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem ajaýyp ýyllaryň biri boldy. Bu ýyl «akylly» şäheriň taryhynda ýatdan çykmajak wakalara beslendi. Şeýle üstünlikleri bagyş eden ýylyň ahyrky günleri has hem uly dabaralara beslenýär.

Ajaýyp umyt-arzuwlara beslenýän Täze ýyla her bir öý-ojakda uludan taýýarlyk görülýär. Şu günler ýurdumyzyň ähli etrap-şäherlerinde, olaryň döwrebap bazarlarynda, söwda merkezlerinde, dükanlarynda, göçme söwda nokatlarynda kemsiz gyzyşan söwdalary synlanyňda hem muňa aýdyň göz ýetirmek bolýar. Dürli harytlary ýeterlik bolan söwda nokatlaryndaky hereket ünsüňi özüne çekýär. Täze ýyl arçalary, olara gerek bolan bezegler, birenaýy gaplanan täze ýyl sowgatlyklary hem-de beýleki harytlar gözüňi dokundyrýar. Gyzgalaňly söwda edýän bagtyýar raýatlarymyzyň hormatly Prezidentimizi alkyşlaýan hoşallyk sözleri dilleriniň senasyna öwrülýär.

Baýramçylyk söwdalarynyň ýokary derejede guralmagynda, dürli harytlar bilen üpjün edilmeginde ýurdumyzyň hususy işewürleriniň durmuşa geçirýän işleri bellenmäge mynasypdyr. Alyjylara hödürlenýän harytlaryň aglabasynyň ýurdumyzda öndürilmegi örän guwandyryjydyr.

Biz toý-baýramlara, şanly senelere, taryhy wakalara baý bolan 2024-nji — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny uly dabara bilen ugradýarys. Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede uludan bellenilen ýyly her birimiziň durmuşymyzda aýratyn ýatdan çykmajak taryhy ýyl boldy.

Asylly däbe görä, halkymyzda her täze ýyla özboluşly at dakylýar. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi parahatçylyk söýüjilik ýoly bilen diňe öňe barýan eziz Watanymyzyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesini ýene bir ýola arşa göterdi. Bu mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň döreden «Türkmenistan—parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly goşgusy bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asuda, parahat durmuşda ýaşaýan bagtyýar halkymyzyň senaly dillerinde aýdym bolup ýaňlanýar. Täze — 2025-nji ýyl Ýer ýüzüniň halkyna parahat we abadan durmuşy bagyş edip, körpejelerimiziň Aýazbaba ýazyp ýollan hatlaryndaky ähli arzuwlary wysal tapar.

Goý, täze — 2025-nji ýyl her bir öýe, döwletli ojaklara rysgal-bereket getirsin! Ýurdumyz abadan, ilimiz parahat bolsun!

Gülnür Gurtesenowa,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby. 

Ýene-de okaň

Türkmen ýaşlary – ýurduň geljegi

«Magtymguly — dünýäniň akyldary» – gymmatly gollanma

«Hakyda göwheri» – gymmatly hazyna

Saglygyň gadryny bileliň!

“Hakyda göwheri” – paýhas düri

Baş maksat – ynsan saglygy