BIZNES

Birža täzelikleri:dokma we nebit önümleri satyn alyndy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Owganystanyň işewürlerine dürli kysymly awtoulaglar, float aýnasy, nah ýüplük hem-de bakja önümleri ýerlenildi. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 15 million 937 müň dollaryndan gowrak boldy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 1 million 800 müň manatlyk nah ýüplügi satyn aldylar.

 

18-nji oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder