BIZNES

Birža täzelikleri: nebit we dokma önümlerine uly gyzyklanma

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksuny we gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. OYR-nyň wekilleri hem “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen EKO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar. Mundan başga-da, polietilen russiýaly we owganystanly işewürleriň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Bulardan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri daşary ýurt puluna nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 24 million dollaryna golaý boldy.

Manat serişdelerine Pakistanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 878 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy 10 million 574 müň manatlykdan gowrak Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropilen haltalary, parafin gaçy, aglomerat we polipropilen plýonkasy üçin çig maly satyn aldylar.

 

 

BMW-niň söwdasy rekord derejede ösdi

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy

Baku we Türkmebaşy portlarynyň ösüşiniň sinhronlaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan-Azerbaýjan-Özbegistan-Gruziýa ulag hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkiýäniň ministri: özara söwdanyň möçberini 5 milliard dollara ýetirmek üçin tagalla ederis

Türkmenistanda ýanwar aýy boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Täze «Kenar» duralgasy TNGIZT-niň eksport mümkinçiliklerini artdyrdy