BIZNES

Birža täzelikleri: daşary ýurt telekeçileri ECO-93 awtobenzinini satyn aldylar

Geçen hepdede TürkmenistanyňDöwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 45-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Russiýanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, Beýik Britaniýanyň, Owganystanyň we Gruziýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň degişli kärhanasynda öndürilen ECO-93 awtobenzinini satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň işewürleri nah ýüplügi, guradylan buýan köküni, float aýnasyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 39 million 35 müň dollaryndan gowrak boldy.

Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileri jemi bahasy 757 müň manatdan gowrak nah ýüplügi we el halylaryny satyn aldylar.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin bahasy ABŞ-nyň 210 müň 272 dollaryna barabar bolan Portland sementi, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen, jemi bahasy 3 million 165 müň manatdan gowrak nebit ýol bitumyny, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.

 

Hususy telekeçilere karz bermek: Ýeňillikli we 500 essä çenli

Ýene-de okaň

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy

Baku we Türkmebaşy portlarynyň ösüşiniň sinhronlaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan-Azerbaýjan-Özbegistan-Gruziýa ulag hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkiýäniň ministri: özara söwdanyň möçberini 5 milliard dollara ýetirmek üçin tagalla ederis

Türkmenistanda ýanwar aýy boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Täze «Kenar» duralgasy TNGIZT-niň eksport mümkinçiliklerini artdyrdy