DÜNÝÄ

Birinji Hazar ykdysady forumynyň netijeleri boýunça resmi beýannama

2019-njy ýylyň 5-nji sentýabrynda ÝHHG-nyň Hemişelik Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde ÝHHG-nyň ýanyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumynyň netijeleri boýunça resmi beýannama bilen çykyş etdi.

Beýannamada bellenilişi ýaly, forumyň işine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we hazarýaka döwletleriniň hökümet ýolbaşçylary gatnaşdylar. Şeýle-de çärä Özbegistan Respublikasynyň we Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministrleri gatnaşdylar. Forumyň işine we onuň çärelerine abraýly halkara guramalarynyň we iri maliýe-bank edaralarynyň, şol sanda BMG, ÝHHG, GDA, ŞHG, ÝTÖB, AÖB we beýleki guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Hazar sebitiniň döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze derejä çykarmagy üçin özboluşly meýdança öwrülen, şeýle hem sebitde we onuň çäginden daşarda ykdysady ösüşiň guraly bolan Hazar ykdysady forumynyň ähmiýeti aýratyn bellenilip geçildi.

Hazar ykdysady forumynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bu sebitiň halkara ykdysady giňişligine mundan beýläk hem işjeň aralaşmagynyň esasy şertleriniň biri hökmünde kesgitlenilen hazarýaka döwletleriniň ykdysady taýdan özüne çekijiligini ösdürmek boýunça anyk ädimler we wezipeler takyk kesgitlenildi.

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň wekiliýeti üçin medeni maksatnama guraldy

Gruziýanyň Parlamentinde duşuşyk: parlamentara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary

ABŞ-nyň ýörite wekili Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

Atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

FAO-nyň Baş direktorynyň Türkmenistandaky duşuşyklary

Türkmenistan GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynda başlyklygy kabul etdi