MEDENIÝET

Bir ýylda iki albom

Günorta Koreýanyň pop topary BTS 2020-nji ýyldyň noýabr aýynda täze albom çykarar.

Toparyň “BigHit Entertainment” dolandyryş gullugynyň “Twitter” jemgyýetçilik torundan habar berlişi ýaly, “BE”-niň 20-nji noýabrda çykjakdygy habar berildi.

BTS topary özüniň ýylyň ilkinji albomyny “Kalbyň kartasy: 7” fewral aýynda çykarypdy.

Topar şu aýyň başynda “CNN” teleýaýlymyna beren beýanatynda,  “Eger koronawirus pandemiýasy bolmadyk bolsa, häzirki wagtda biziň muşdaklarymyz “Netflix”-de saz guraly çalmagy öwrenip oturardylar.”

BTS bu günlerde muşdaklaryna täze aýdym-saz bilen begendirmek maksady bilen awgust aýynda ilkinji  iňlis dilindäki “Dynamite” aýdymyny çykarypdylar.

Bu aýdym 24 sagadyň dowamynda “YouTube” arkaly iň köp tomaşa edilen wideoşekilli aýdymlaryň biri boldy.

 

Bilim Sahypamyz

Ylym we bilim baradaky habarlar, şeýle hem ýurdumyzda we daşary ýurtlarda bilim almak bilen baglanyşykly täzelikleri we maglumatlary bu sahypamyzdan tapyp bilersiňiz!

 

 

Ýene-de okaň

Aşgabadyň teatrlarynda Täze ýyl üçin teatr oýunlary görkeziler

Türkmenistanyň Döwlet sirki Täze ýyl baýramçylygy çykyşlaryny hödürleýär

Türkmenistan we Ýaponiýa ýaýlymlaryň 4K görnüşinde hyzmatdaşlyk eder

Türkmen edebiýatynyň uly ýitgisi

Türkmenistanda howa -8 gradusa çenli sowar, gar gatyşykly ýagyş ýagar

Röwşen Nepesow Täze ýyl konsertine çagyrýar