JEMGYÝET

Bir günde 4 milliondan gowrak agaç nahaly ekildi

6-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň daş-töweregini bagy-bossanlyga öwürmegiň giň gerimli nobatdaky tapgyryna badalga berildi. Bu ägirt uly maksatnamany amala aşyrmaga halkymyz işjeň gatnaşýar. Döwlet Baştutanymyz adamlaryň oňaýly ýaşamagynyň we dynç almagynyň amatly mümkinçiliklerini döretmegiň möhüm şerti hökmünde bu asylly işe aýratyn üns berýär.

Magtymguly Pyragynyň 153 gektar meýdany eýeleýän medeni-seýilgäh toplumynyň çäginde we töwereginde arça nahallarynyň 61 müň 200-den gowrak düýbi oturdyldy. Bu ýerde agaç ekmekden başga-da, ozal bar bolan baglaryň berkemegine, ösmegine degişli ideg işleri geçirildi.

Dabaranyň çäklerinde diňe bir günüň dowamynda jemi 4 million 248 müň 740 düýp pürli we beýleki agaç nahallary, şol sanda Aşgabat şäherinde we onuň eteklerinde 1 million 835 müň 740 agaç nahaly, welaýatlarda bolsa 2 million 413 müň agaç nahaly ekildi.

Tutuş ýurdumyz boýunça şol gün 3 million 590 müň 740 agaç nahalyna ideg edildi.

 

Täze “Okuwçy” nyrhnamasy ýola goýuldy

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler

Türkmenistanda 2026-njy ýylda açyljak desgalar

Türkmenistanda ýolbaşçylary wezipe bellemek boýunça kararlar

Türkmenistanda täze ministrlik döredildi we oňa ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine täze ýolbaşçy belledi

Batyr Annaýew Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasary wezipesine bellendi