MEDENIÝET

Bir barmagyň “Ginneslik” güýji

Adamyň bir barmagynyň güýjüniň hem ägirtdigi subut edildi. Barmak Ginnesiň rekordlar kitabynda orun almaga mynasyp hasaplandy. Şeýle adaty däl rekord Beýik Britaniýada hasaba alyndy.

Bu rekordyň eýesi britan raýaty Stiw Kiler boldy. 48 ýaşyndaky pälwan bir barmagynyň güýji bilen 129 kilogram agramdaky agyrlygy ýerden galdyryp, ony 8 sekunt saklamagy başardy.

Kiler bu rekordyna tutuş ömrüni beripdir diýseň hem ýalňyşmarsyň. Ol ilkibaşda sportuň karate görnüşi bilen meşgullanypdyr. Soňra dzýudo sportuna gyzyklanma bildirýär. Şol döwürde eliniň barmaklarynyň güýjüne ynanyp başlaýar. Şeýlelikde, onuň bu rekordy goýmagynyň başlangyç döwri başlaýar we ol bu ugurda köp synaglary başdan geçirýär.

Netijede, üstünlik gazanyldy. Stiw Kileriň barmagy Ginnesiň rekordlar kitabyna öz ornuny aldy.

Mundan ozalky rekord 2011-nji ýylda goýlupdy. Benik Israýelýan sag eliniň ortanjy barmagy bilen 116,90 kilogram agyrlygy göteripdi.

Hytaý kosmosda Gün elektrik stansiýasyny gurýar

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralar

Aşgabatda Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi

«Kompozitor» kinofilminiň nobatdaky halkara baýragy

«Kompozitor» atly film TÜRKSOY tarapyndan ýörite baýraklara mynasyp boldy

16-22-nji fewral: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

«Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy bellenildi