SIZDEN GELENLER

Binagärlik sungatynyň dürdänesi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Aşgabady ösdürmek boýunça bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Paýtagtymyzda gurulýan ak mermerli durmuş maksatly binalar we beýleki desgalar Aşgabadyň gözelligine gözellik goşýar, halkymyzyň ýokary ýaşaýyş derejesini üpjün edýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy toýlanjak «Türkmenistan — Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem paýtagtymyzda şeýle maksatly desgalaryň ençemesini ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.

Aşgabat — binagärlik sungatynyň dürdänesi. Ak mermere beslenen gözel paýtagtymyzyň binagärlik keşbinde milliligiň we häzirki zaman gurluşyk infrastrukturasynyň özboluşly sazlaşygy bar. Bu ýerde gurulýan desgalar, bir tarapdan, halkymyzyň milliligini alamatlandyrýan bolsa, beýleki tarapdan, Arkadagly döwrümizde ýurdumyzyň bedew bady bilen gazanýan ösüşlerini suratlandyrýar.

Ýurdumyzyň baş şäheri — Aşgabady ösdürmek hormatly Prezidentimiziň öňe süren, uzak geljege gönükdirilen täzeçil şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Muňa paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde dörediljek «Aşgabat-siti» binagärlik taslamasy we Aşgabady ösdürmegiň 17-nji tapgyrynda «Altyn kölüň» kenarynda ýerleşjek döwrebap kottejler toplumynyň taslamalary hem aýdyň şaýatlyk edýär. Olaryň çäklerinde bina ediljek desgalaryň döwrebap innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, dünýä tejribesinde ykrar edilen häzirki zaman şähergurluşygynyň talaplaryna doly kybap gelýär.

Aşgabat Aziýanyň merjen şäherine deňelýär. Dogrudanam, Günüň tylla nuruna lowurdap şugla saçýan ak mermer binalar göreni haýrana goýýar. Hut şonuň üçin-de, «Türkmenistan – Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda 140 ýyllyk baýramy belleniljek ak şäherimiz — Aşgabadymyz dünýä nusgalyk ösüşlere eýedir. Bu ýerde parahatçylygy we ynanyşmagy bütin dünýä ýaýmak maksady bilen iri halkara maslahatlardyr forumlar yzygiderli geçirilýär. Şeýle hem häzirki wagtda gözel paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna ýokary derejede taýýarlyk görlüp, bu taryhy waka mynasybetli dürli medeni we köpçülikleýin çäreler geçiriler, «Ak şäherim Aşgabat» atly ХХ halkara köpugurly sergi guralar. Bular bolsa paýtagtymyz Aşgabadyň dünýädäki at-abraýynyň has-da belende göterilmeginde nobatdaky ädim bolar.

Aýlar ATAJYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

 

 

Russiýanyň täze sanjymy raýat dolanyşygyna çykýar

 

 

 

Ýene-de okaň

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika

Tozanyň adam bedenine ýetirýän täsiri

Şöhläniň adam bedenine ýetirýän zyýany

Şöhratly taryhymyzyň beýany