SIZDEN GELENLER

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy dünýä derejesinde giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda milli bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, geçirilýän dabaralar kalbymyzda eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe hem-de beýik geljegine buýsanjy has-da artdyrýar.

Şu şanly ýylda Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli beýik başlangyjy bilen işlenip taýýarlanan «Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasy» esasynda 12 ýyllyk okuw maksatnamalary boýunça bilim alan ilkinji uçurymlaryň okuwlaryny tamamlamagy, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde uçurym talyplaryň durmuş ýolundaky indiki täze ädimlere ruhubelentlik bilen gadam basmagy, okuwçylaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň gyzgalaňly dowam etmegi we beýleki wakalar milli bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda kämilleşdirmek ugrunda amala aşyrylýan toplumlaýyn işleriň miweleridir.

Bi­lim ul­ga­myn­da al­nyp ba­ryl­ýan giň ge­rim­li öz­gert­me­ler Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň çuň­ňur pä­him-paý­ha­syn­dan göz­baş al­ýan yl­my esas­ly döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mi­we­si­dir. Bu sy­ýa­sa­tyň öze­ni ýaş nes­li dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän ýo­ka­ry bi­lim­li, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, wa­tan­sö­ýü­ji bol­ma­gy­ny üp­jün et­mek­den yba­rat­dyr. Hut şu mak­sa­da la­ýyk­lyk­da, ýur­du­my­zyň äh­li kün­je­gin­de döw­re­bap bi­lim ojak­la­ry gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­ýär. Döw­re­bap san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar, komp­ýu­ter­ler, in­te­rak­tiw tag­ta­lar bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan or­ta, or­ta hü­när, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri ýaş nes­liň gel­je­ge yna­my­ny art­dyr­ýar.

Bilim ulgamy jemgyýetiň her bir agzasynyň ýaşaýyş derejesine we jemgyýetde çalt tehnologiki ösüşi üpjün edýän önümçiligiň ösüş derejesine hem täsir edýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», beýleki milli maksatnamalarda bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ýurdumyzda bilim ulgamynda dünýäniň oňyn tejribesi işjeň öwrenilýär, daşary ýurtlaryň bilim we ylym merkezleri bilen gatnaşyklar yzygiderli giňeldilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri halkara bilim giňişliginde abraýly derejelere eýe bolýar. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri dünýäniň meşhur reýtingleriniň sanawynda orunlary yzygiderli eýeläp, uniwersitetleriň dürli ugurlar boýunça netijeliligini ýüze çykarýarlar.

«Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (rejelenen görnüşi) laýyklykda, bilim edaralary umumybilim we hünär bilimi maksatnamalaryny amala aşyrýarlar. Bilim maksatnamalary üznüksizlik ýörelgesine esaslanýar, ýagny indiki özleşdirilmeli her bir bilim maksatnamasy ondan öňküsiniň dowamy hökmünde çykyş edýär. Çalt özgerýän jemgyýetiň häzirki we geljekki ösüş meýilleri nazara alnyp, ýurdumyzda ösen adam maýasyny kemala getirmegiň binýadynda duran bilim maksatnamalarynyň ählisi yzygiderli kämilleşdirilýär, täze, döwrebap bilim edaralary gurlup ulanmaga berilýär, olaryň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, bilim işgärleriniň hünär derejeleri ýokarlandyrylýar.

Di­ýa­ry­myz­da san­ly bi­lim ul­ga­my­nyň ös­dü­ril­me­gi bu ugur­da teh­no­lo­gik tä­ze­çil­li­gi dö­ret­megi we ýaý­rat­ma­gy, bi­lim eda­ra­la­ry­nyň teh­no­lo­gi­ýa taý­dan ös­me­gi­niň çalt­lan­dy­ryl­ma­gy­ny, şeý­le hem bi­li­miň äh­li de­re­je­le­ri üçin ze­rur bo­lan elekt­ron mag­lu­mat­lar go­ru­nyň dö­re­dil­me­gi­ni we ola­ra tor ar­ka­ly el­ýe­ter­li­li­gi üp­jün et­me­gi göz öňün­de tut­ýar.

San­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­mek yl­myň, bi­li­miň ösen in­no­wa­sion usu­ly­na geç­mek ba­bat­da ile­ri tu­tul­ýan we­zi­pe­dir. Wa­ta­ny­my­zyň in­no­wa­sion ösü­şi­ne la­ýyk­lyk­da, röw­şen gel­je­gi­miz bo­lan ýaş nes­le döw­re­bap bi­lim ber­me­giň äh­li bas­gan­çak­la­ry­ny elekt­ron mag­lu­mat­lar bi­len üp­jün et­mek esa­sy ugur­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar. Elekt­ron mag­lu­mat­lar be­ril­ýän bi­li­miň has-da çuň­ňur öz­leş­di­ril­me­gi­ne oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär.

«Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, bilim edaralaryny döwrebaplaşdyrylan täze okuw meýilnamalary, maksatnamalary esasynda okuw kitaplarydyr gollanmalary bilen üpjün etmek boýunça işler dowam etdirilýär. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan» ugur alnyp, bilim işi halkara ölçeglere laýyk kämilleşdirilýär.

Ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşigiň çäginde mekdep okuwçylarynyň okuw dersleri boýunça taslamalar (ylmy-döredijilik) bäsleşikleriniň döwlet tapgyry geçirildi. Oňa jemi 811 okuwçy gatnaşdy.

2025-nji ýylyň 21 — 26-njy apreli aralygynda Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdepde okuwçylaryň arasynda II Halkara matematika olimpiadasy guramaçylykly geçirildi. Oňa 15 ýurtdan zehinli ýaşlaryň 231-si hem-de 49 mugallym gatnaşdy. Olimpiadada Türkmenistanyň topary 5 altyn, 9 kümüş, 17 bürünç medal gazanyp, üstünlikli çykyş etdi.

Şu günler Gökderede we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, welaýatlarda hereket edýän çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümi guramaçylykly geçirilýär. Munuň üçin ýurdumyzyň çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümini talabalaýyk geçirmek üçin zerur şertler döredildi. Olarda dürli medeni-köpçülikleýin we sport-sagaldyş çäreleri guralýar.

Tomusky dynç alyş möwsüminiň bir tapgyrynda Gökderedäki 14 sany çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde 7 müň 145, Awazadaky 8 merkezde 1 müň 783, welaýatlardaky 5 merkezde 1 müň 500 çaganyň dynç almagy üçin şertler döredildi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, täze döwür amala aşyrylýan özgertmeleri has-da giňeldip, jemgyýetimiziň aň-bilim mümkinçiligini ýokarlandyrmagy talap edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dowam edýän öňdengörüjilikli bilim özgertmeleriniň miweleri dünýä ölçeglerine laýyk ösüşleriň nyşanydyr.

Edepli, bilimli, sagdyn ruhly, maksada okgunly ýaşlar Watanymyzyň daýanjydyr. Şeýle bolansoň hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen amala aşyrylýan taryhy tutumlaryň düýp özeninde ýaş nesliň röwşen geljegi baradaky alada jemlenendir. Biz — mugallymlar hem hormatly Prezidentimiziň döredýän şertlerinden netijeli peýdalanyp, mekdebimizde ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim almaklary, sport bilen yzygiderli meşgullanmaklary, kitaphana bilen ýakyn aragatnaşykda bolup, çeper eserleri, Gahryman Arkadagymyzyň we döwlet Baştutanymyzyň ajaýyp kitaplaryny okap, gözýetimlerini giňeltmekleri üçin ähli tagallalary edýäris. Okuwçylarymyz daşary ýurt dillerini oňat öwrenip, dünýä döwletleriniň medeniýetlerine aralaşmaga çalyşýarlar, dürli ýaryşlara gatnaşyp, üstünlik gazanýarlar.

Eziz Watanymyzy gülledip ösdürip, ýaş nesillerimiziň ýurdumyzyň hakyky eýeleri bolmagyny gazanmak üçin bimöçber uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşymyz çäksizdir. Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz mundan beýläk hem gülläp ösüp, älem-jahanda has belent mertebä eýe bolsun!

Ogultäç Döwletowa,

Aşgabat şäheriniň 20-nji orta mekdebiniň müdiri. 

Ýene-de okaň

Şekillendiriş sungaty sapagynyň ähmiýeti

Internet torunyň orny we ähmiýeti

Iňlis dili-täze mümkinçilikler

Beýik Seljuk döwletinde bilimiň gurnalmagynda Mälik şanyň hyzmatlary

Bilim – ösüşleriň berk binýady

Dil öwrenmek-asylly ýörelge