Häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň her biri halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilýär. Munuň özi adam hakyndaky aladanyň ýokary derejä eýedigini aýdyň beýan edýär. Döredilýän giň mümkinçilikleriň hatarynda ýaş nesilleriň terbiýesi, bilimi hakynda hem bellemek gerek. Ýaş nesilleriň bilimli bolmagy, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, bagtly geljegimizi üpjün etmegi maksat edinýär. Bilimli, kämil düşünjeli, giň dünýägaraýyşly nesliň kemala gelmegi üçin dünýä derejesinde, milli ruhda bilim-terbiýe bermek, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri ösdürip ýetişdirmek baş wezipe bolup durýar. Ata Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ylymly, bilimli, terbiýeli, sagdyn ruhly, edepli, ýokary ahlakly şahsyýetleri kemala getirmek bolsa bilim ulgamynyň işgärleriniň, mugallymlaryň mukaddes borjudyr.
Ýurdumyzda belent maksatlara gönükdirilen işleri amal etmek üçin ýaşlaryň, bir tarapdan, häzirki döwürde adamzadyň ylym-bilimde we hünär taýýarlygynda gazanan netijelerini özleşdirmegi, ikinji tarapdan, Watanymyzyň geljegine bolan beýik ynama eýe bolmagy zerurdyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylym-bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän işleriň maksady hem döredijilikli we başarjaň, Watanyny jany-teni bilen söýüp, onuň ajaýyp geljegine goşant goşmaga ukyply, hünärine ussat adamlary ýetişdirmekden ybaratdyr.
Bu bolsa bilim ojaklarynyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen mümkindir. Şu maksatlar bilen ýurdumyzda orta we ýokary okuw mekdepleriň täze binalary gurulýar.
Bilimli nesil ýetişdirmek kämil jemgyýeti gurmagyň baş şertidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eserinde: «Bilim arkaly beýik geljek gurulýar» diýmek bilen, Watanymyzyň röwşen geljegini ýaşlarda görýär. Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, olaryň okuw kitaplary, gollanmalary, görkezme esbaplary, ýokary derejede taýýarlykly mugallymlar, terbiýeçiler bilen üpjünçiligi kämilleşdirilýär. Mugallymlaryň hünär derejeleri yzygiderli ýokarlandyrylýar. Şeýle hem bilim ulgamyndaky öňdebaryjy halkara tejribe ýurdumyzyň bilim edaralaryna işjeň ornaşdyrylýar. Ýaşlarymyzyň Ýer ýüzüniň maglumat giňişliginden erkin peýdalanmaklary üçin zerur şertler döredilýär. Ýaş nesliň bilim almaga bolan hyjuw-höwesini, işjeňligini, jogapkärçiligini artdyrýan çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Mekdep okuwçylarynyň dünýägaraýşynyň we gözýetiminiň giňelmegine täsir edýän okuwdan daşary çäreleriň işlenip düzülmegine, ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin zerur mümkinçilikleriň döredilmegine hem uly ähmiýet berilýär.
Watanymyzyň röwşen geljegi üçin, halkymyzyň asuda, eşretli, parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris. Ýaş nesillere bilim öwretmek, kämil hünärmenleri kemala getirmek biziň her birimiziň asylly ýörelgämizdir.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Döwletimiziň ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň ösüşi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny berkitmäge gönükdiriler. Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler» diýen sözleriniň, türkmen ýaşlarynyň kämil bilim-terbiýesine gönükdirilen maksatnamalaýyn tutumly işleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini bu günki gün taryha ýazylýan wakalarda ähli aýdyňlygy bilen görmek bolýar.
Nesillerde päk zähmete söýgi döretmek üçin durmuşda her bir üstünlige zähmet bilen ýetilýändigi, arassa, halal, jemgyýete peýdaly işler bilen meşgullanmagyň bagtyýar durmuşy üpjün edýändigi baradaky düşünjäni olaryň aňyna guýmak zerur. Türkmen ýaşlarynyň üstünligi täze taryhy döwürde uly ösüşlere beslenýän ýurdumyzyň, ähli halkymyzyň üstünligidir. Ýaşlaryň ruhy taýdan kämil, beden taýdan sagdyn nesiller bolup ýetişip, özleriniň bilimini, hünär ussatlyklaryny, ukyp-başarnyklaryny ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine bagyş etmekleri mukaddes borçdur. Munuň üçin olara ähli mümkinçilikleri, döwrebap şertleri döredýän Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize egsilmez alkyş aýdýarys.
Ajap Durdyýewa,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň Mekdep we mekdebe çenli pedagogika we psihologiýa usuly birleşmesiniň mekdebe çenli bilim we terbiýe mugallymy.