SIZDEN GELENLER

Bilim – ösüşleriň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan ähli işler, ilkinji nobatda, adamlaryň eşretli durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer şygar döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň baş ýörelgesi bolup durýar. Bu bolsa, elbetde, halkymyzyň bagtyýar, eşretli durmuşy baradaky aladanyň ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigine şaýatlyk edýär. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde medeni-durmuş hem-de önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygynyň giňden alnyp barylmagy, täze kärhanalaryň gurulmagy, olara innowasion tehnologiýalaryň, ylmyň täze gazananlarynyň we dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň ornaşdyrylmagy milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli gowulandyrmakda aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar.

Ähli ugurlar bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek ugrunda giň tagallalar edilýär. Ýurdumyzyň ýaş nesli hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Türkmen halkynyň çagalaryň edep-terbiýesi, bilimi bilen bagly ruhy gymmatlyklary, gadymdan gelýän däp-dessurlary we ahlak ýörelgeleri döwrebap derejede ösdürilýär. Sazlaşykly ösýän, beden taýdan sagdyn, bilimli ýaş nesli terbiýelemäge, çagalaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin iň gowy şertleri döretmäge aýratyn üns berilýär.

Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Dünýäniň ylmy-innowasion, ruhy-medeni ugurlar babatdaky öňdebaryjy tejribeleri giňden öwrenilýär we ösen talaplara laýyklykda, okuw maksatnamalary işlenilip düzülýär, bu ulgama bilim bermegiň täze tehnologiýalary, okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrylýar. Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegi okuw-önümçilik işinde birnäçe ýeňillikleri döredip, işiň netijeliligini artdyrýar. Ulanylýan sanly serişdeler, elektron maglumat göterijiler, wideoşekiller we audioýazgylar ýaşlara has giň möçberdäki maglumaty kabul etmäge hem peýdalanmaga, şunlukda, dünýä ösüşi bilen deň gadam urmaga ýardam edýär. Döwrebap pikirlenip bilýän, taslamalar babatda täze, özboluşly, täsirli garaýyşlary öňe sürýän ýaş zehinler medeni ösüşi gazanmakda möhüm wezipäni ýerine ýetirýärler.

Şundan ugur alnyp, ýaşlaryň döwletiň we jemgyýetiň durmuş-ykdysady, syýasy-medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmak, olarda medeni gymmatlyklara, ata Watanymyza, zähmete, ylma-bilime söýgini artdyrmak üçin hem zerur şertler döredilýär. Ýaşlaryň jemgyýetde mynasyp orny eýelemeklerinde, medeni-köpçülikleýin çärelere, döredijilik bäsleşiklerine, sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşmaklarynda, saýlap alan hünärleri boýunça kämilleşmeklerinde ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň ähmiýeti örän uludyr.

2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň taryhy ähmiýetini, döwlet ýaşlar syýasatynyň has-da ilerlemeginde wajyp orna mynasypdygyny bellemek gerek. Bu forumda döwlet Baştutanymyzyň: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Bagtyýar ýaşlarymyz halk hojalygynyň dürli pudaklarynda milli hem-de döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde yhlasly zähmet çekýärler. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmakda möhüm başlangyçlary öňe sürýärler. Ylym-bilim, telekeçilik we jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanyp, ykdysadyýetimizi ösdürmäge işjeň gatnaşýarlar» diýip nygtamagy ýurdumyzda ýaşlara uly ynam bildirilýändigini şertlendirýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda innowasiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy netijesinde optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary ösdürilýär, ýokary tizlikli internet aragatnaşygyň elýeterliligi üpjün edilýär. Sanly ykdysadyýetiň kemala gelmegi ylmy-tehniki ösüşiň netijeleriniň biridir. Şonuň üçin ýurdumyzda sanly bilimi hem özleşdirmek we ýaşlaryň bu ugurdaky bilimini has-da kämilleşdirmek babatda giň tagallalar edilýär.

Häzirki tehnologik ösüş şertlerinde bilimiň, ylmy çemeleşmäniň, innowasiýalaryň ösmegine giň mümkinçilikleri döredip berýän, ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, tutumly işleri üstünliklere beslensin.

Altynjemal Aýnazarowa,

Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň

okuw işleri boýunça orunbasary. 

Ýene-de okaň

Sarpasy belent bedewler

Ata Watan Eserleri

Ýylyň şygary-belent sepgitlere badalga

Çagalar – biziň geljegimiz!

Sagdyn ene we sagdyn çaga – uly baýlyk

 Magtymguly aýdar, sözüm älemdir…

Ösümlikler üçin zerur dökün