BILIMTEHNOLOGIÝA

Bilim edaralarynyň internet web-saýtlary döredilýär

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer P.Agamyradow gözegçilik edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy, şu ýylyň ýedi aýynda bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny ösdürmek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

12 ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň hem-de daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim we terbiýeçilik işlerinde okatmagyň öňdebaryjy usullary, ylmyň gazananlary, innowasiýa tehnologiýalar giňden ulanyldy, bilim edaralarynyň internet web-saýtlaryny, elektron resminama dolanyşygy ulgamyny döretmek boýunça işler alnyp barylýar.

Sanly bilimiň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly okuw dersleri boýunça “Altyn asyryň altyn zehinleri” ders bäsleşikleriniň döwlet tapgyry onlaýn usulynda geçirildi. Şeýle hem “Ýylyň terbiýeçisi”, “Ýylyň mugallymy”, “Ýylyň talyby” atly bäsleşikler, zehinli çagalaryň arasynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň etrap-şäher, Aşgabat şäher we welaýat tapgyrlary geçirildi. Okuw dersleri boýunça sapaklar teleýaýlym arkaly görkezilip başlandy.

Programmaçylary, inženerleri we tehnologlary taýýarlamak

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, täze okuw ýylyna taýýarlygyň barşyny hemişe berk gözegçilikde saklamak barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, birnäçe möhüm çäreler göz öňünde tutuldy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz çagalaryň daşary ýurt dillerini kämil öwrenmegi üçin, sanly ulgamyň mümkinçiliginden doly peýdalanylmalydygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz ýaşlaryň mekdep ýyllaryndan başlap, dürli tejribe-konstruktorçylyk ukyplaryny ösdürmek, bu ugurlara laýyk gelýän sapaklaryň giňeldilip okadylmagyny guramak üçin netijeli çäreleri görülmelidigini belledi. Orta mekdeplerde tehniki we tehnologik ugurly synplary açmak boýunça zerur işleriň geçirilmelidigini nygtady.

Biz ata Watanymyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmegi öz öňümizde maksat edip goýduk. Şunuň bilen baglylykda, sanly ykdysadyýete geçilýän häzirki döwürde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde pudaklar üçin örän zerur bolan programmaçylary, inženerleri we tehnologlary taýýarlamak meselesine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Ýene-de okaň

Ilon Mask elektron poçta ulgamyny döreder

Ata Watan Eserleri

Türkmen talyplary üçin BAE-de okuw sapaklary guraldy

Öýler üçin ýokary tizlikli AŞTU internet hyzmaty

Ýurdumyzyñ 11 sany ýokary okuw mekdebi “UI GreenMetric 2024” halkara sanawyna girizildi

Gazagystanda emeli intellekti ösdürmek boýunça geňeş dörediler

Türkmenistan bilen Estoniýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar