DÜNÝÄ

Bilermenler: her bäşinji syýahatçy bu ýerde bolup görmek isleýär

Beýik Britaniýaly bilermenler geçiren barlag-synag işleriniň netijesinde syýahatçylaryň bäşden biriniň Saud Arabystanynda bolup görmegi arzuw edýändigini ýüze çykardylar. Bu barada «Yahoo! Finance» habar berýär.

Munuň üçin olar 9521 adama sowalnama paýladylar. Synagyň netijesinde ABŞ, Kanada, Hytaý, Malaýziýa we Beýik Britaniýa bilen bir hatarda Saud Arabystanynyň adynyň has köp görkezilendigi aýdyldy.

Sowalnama gatnaşyjylaryň 22 göterimi Jidde şäherinde bolup görmegi islediler. Hytaýly syýahatçylaryň üçden biriniň köňül islegi bolsa Al-Ula şäheri. Mahlasy, sowalnama gatnaşyjylaryň 73 göterim çemesi Saud Arabystanynyň dürli şäherleriniň adyny görkezdiler.

Sowalnamanyň netijeleri dekabr aýynyň ahyrynda geçirilen Arap döwletleriniň syýahatçylyk ministrleriniň özara maslahatynda aýdyldy.

Ýene-de okaň

Gyrgyzystan ilkinji gezek milli puluny özbaşdak çap etdi

Türkmenistan-ABŞ:söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatda GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň duşuşygyna taýýarlyk boýunça Teswirnama gol çekildi

Aşgabatda “Yn­san­per­wer­lik ýo­ly” ady bi­len hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di

Türkmenistanyň we Özbegistanyň bilim ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Deli şäherinde geçirilen halkara maslahata gatnaşdy