SIZDEN GELENLER

Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygy

Türkmen halkynyň baý geçmiş taryhy bar. Geçmişde türkmen topragynda aldym-berdimli söweşlerde az bolmandyr. Şolaryň biri-de her bir türkmen ojagyna öz awysyny dadyran 1941-1945-nji ýyllar aralygynda bolup geçen Beýik Watançylyk urşudyr. Nemes faşistleriniň ähtiýalanlyk bilen çozmagy beýleki soýuz döwletleriniň halklarynyň bolşy ýaly, türkmen ýigitleriniň hem ählisiniň güýjüni duşmany derbi-dagyn etmeklige gönükdirdi. Gerçek ýigitleriň şol yhlasy hem ýurdumyza müdimilik Beýik Ýeňşi getirdi. Tylda zähmet çekenler we söweşe gatnaşan esgerleriň ýanýoldaşlary hem aýratyn alada we minnetdarlyk bilen gurşalandyr. Olar şol gazaply pursatlarda agyr synaglary başdan geçirdiler hem-de öz zähmeti bilen geljekki Ýeňşe uly goşantlaryny goşdular. Uruş ýyllarynda Türkmenistanlylaryň Goranmak gaznasyna 7392 kilogram altyn we kümüş bezeg şaý-seplerini tabşyryp, hakyky ynsanperwerligiň hem-de watançylygyň nusgasyny görkezendikleri aýratyn bellärliklidir. Ýyllar geçýär, emma häzirki we geljekki nesilleriň kalbynda Ýer ýüzünde asuda asmanyň, parahat durmuşyň hatyrasyna başyny goýan millionlarça adamyň gahrymançylygy, adamzadyň paýyna düşen gazaply synaglar we jebri-jepalar, görkezilen edermenlik, batyrlyk, gaýduwsyzlyk hakyndaky hakyda hemişelik saklanar. Biziň ata-babalarymyzyň geçen gahrymançylykly ýoly – watançylygyň, mähriban topraga wepalylygyň hem-de mukkades Watana gulluk etmegiň mekdebidir. Uruş ýyllarynda her bir türkmen maşgalasy öwezini dolup bolmajak ýitgä sezewar boldy. Söweş meýdanlarynda wepat bolan we Ýeňiş bilen öýlerine dolanan türkmen esgerleriniň hemmesiniň atlary «Hatyra» we «Şöhrat» atly köp jiltli neşirlere girizildi. Olarda biziň watandaşlarymyzyň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda görkezen söweşjeň edermenligi baradaky maglumatlar jemlendi. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen uruş weteranlaryna, tylyň zähmetkeşlerine we esgerleriň ýanýoldaşlaryna berilýän ýeňillikleriň netijesinde olaryň ýaşaýyş – durmuş şertleri üçin ähli möhüm şertler döredilendir.

Gaýduwsyz Watan gerçekleriniň ölmez-ýitmez gahrymançylygyny ebedileşdirmek maksady bilen hem-de ösüp gelýän ýaş nesillerimizi merdana halkymyzyň buýsançly taryhynyň, ata-babalarymyzyň gahrymançylygynyň ruhunda terbiýelemäge gönükdirilen işleriň netijesinde, paýtagtymyzda «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy bina edildi. Adamzat taryhynda iň gan döküşikli söweşleriň biri bolan Beýik Watançylyk urşundan gaýdyp gelmedik, wepat bolan gahrymanlarymyzyň hatyrasyna her ýylyň 9-njy maýynda «Halk   hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň meýdançasynda gahrymanlara çuňňur sarpanyň nyşany hökmünde uruş weteranlary, jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylary, şeýle-de zähmet toparlarynyň köp sanly wekilleri gül desselerini goýmak maksady bilen, öçmejek halk hakydasyny äşgär edýän «Baky oduň» ýerleşýän ýerindäki binalar toplumyna gelýärler.

Milli Gahrymanlara baky hormat we şöhrat bolsun! Olaryň Watana wepalylygynyň, durnuklylygynyň, edermenliginiň hem-de gaýduwsyzlygynyň, biziň bagtyýar durmuşymyz we nurana geljegimiz üçin bitiren hyzmatlarynyň öňünde baş egýäris!

 

Meýlis SADYKOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

 

Sowgatly online Krossword bäsleşigi yglan ediler

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika