SIZDEN GELENLER

Beýik Seljuk döwletinde bilimiň gurnalmagynda Mälik şanyň hyzmatlary

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda bilim ulgamyny dünýäniň ösen derejelerine ýetirmeklige gönükdirilen özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ulgamda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, bilim edaralarynyň ähli basgançaklarynda bilim berlişiniň derejesini düýpli ýokarlandyrmaklyga uly mümkinçilikleri döredýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli syýasaty esasynda türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, onuň gahrymançylykly geçmiş ýoluny öwrenmek, geljekki nesilleri ata-babalarymyzyň watançylyk ruhunda terbiýelemek üçin bimöçber işler amala aşyrylýar. Dünýäniň iň gadymy halklarynyň swilizasiýalaryny dörediji türkmen halky özüniň baý taryhynda milli özboluşlylygyny, däp-dessurlaryny, yrym-ynançlaryny  orta çykaryp, ony geljekki nesillere ýetirip bilen halkdyr.

Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ösüp gelýän ýaş nesliň irki ýaşdan başlap, beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil, ahlak taýdan arassa, watansöýüji bolup ýetişmekleri babatda ähli tagallalar edilýär. Şeýle-de, ata-babalarymyzyň tutumyna, göreldesine wepaly, geçmişimiziň taryhyny çuňňur öwrenýän, hemmetaraplaýyn ösen, döwrebap bilimli we terbiýeli ýaşlaryň kemala gelmegi döwletimiziň geljeginiň gülläp ösmegini kepillendirýär. Muňa mysal edip, 2025-nji ýylyň 15-nji maýynda baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň “Altyn nesil” medeniýet merkeziniň jaýynda “Beýik Seljukly döwleti: taryh, taryhnama, çeşmeşynaslyk” atly onlaýn we oflaýn ýagdaýynda ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatyň meýilnamasyna laýyklykda ylmy-amaly maslahatyň açylyş dabarasy we umumy mejlisi  geçirilenden soňra maslahatyň işi bölümlerde dowam etdi. Bu geçirilen ylmy-amaly maslahatyň jemleýji mejlisinde edilen çykyşlaryň ýokary derejede taýýarlykly we gyzykly bolandygy barada bölümçeleriň ýolbaşçylary belledi.

Ylmy-amaly maslahatda orta asyrlarda ata-babalarymyz tarapyndan gurlan, öz eýýamynyň kuwwatly döwletleriniň biri hasaplanylýan Beýik Seljukly türkmen döwleti XI we XII ýüzýyllyklary syýasy we medeni taýdan özgerden taryhy döwlet bolupdyr. Bu döwletiň döreýşi, ösüşi we onuň yklymdaky orny hem-de baý medeniýeti barada taryh ylmynda juda köp ylmy işler ýazylypdyr.

Bu döwletiň ykdysady we medeni ösüşi hem-de onuň soltanlarynyň alyp baran adalatly, ynsanperwer syýasaty makalada öz beýanyny tapýar. Bu ylmy makalada Seljuk soltany Mälikşanyň gahrymançylygy, watansöýüjiligi, mertligi, alyp baran söweşlerinde şöhratly  ýeňşi barada maglumatlar berilýär. Beýik Seljukly türkmen imperiýasynyň ykdysady ösüşini ýokary derejä galdyran Mälikşanyň döwründe oba hojalygy, söwda we şäher gurluşygy hem uly ösüş gazanypdyr. Ýollaryň täzelenmegi we bazarlaryň gurulmagy içerki we daşarky söwdanyň ösmegine mümkinçilik döredipdir. Bu bolsa beýik şahsyýet Mälikşanyň döwleti dolandyrmakda ussatlygyndan, pähim-paýhaslylygyndan, agraslylygyndan, salyhatlylygyndan, ünsliliginden, dykgatlylygyndan nyşandyr.

Mälik şa (doly ady: Jelaludöwle wed-din Mälik şa Ebul Feth ibn Alp Arslan) Beýik Seljuk döwletiniň meşhur şalarynyň biri bolup, 1072-1092-nji ýyllar aralygynda döwlet başynda bolupdyr. Ol soltan Alp Arslanyň ogly bolup, ýaşlygyndan batyr, akylly, bilimli we adalatly bolup ýetişipdir. oltan Alp Arslan ogly Mälik şany 1066-njy ýylda mirasdüşer şazada diýip yglan edýär. Bu wakany Ibn Esir şeýle beýan edýär: “Bu ýyl soltan Alp Arslan Merwden Raýegana gitdi we şäheriň eteginde düşledi. Döwletiň emirleri hem ýakyndady.

Olardan özünden soň ogly Mälik şany soltan diýip ykrar etjekdikleri barada lebiz aldy. Soň Mälik şany ata mündirdi we eýeriň örtgüsini omzuna alyp, onuň öňünden ýöredi [3. s.33]. Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda, Beýik Seljuk döwletinde birnäçe meşhur şalar hökümdarlyk edip, şolaryň arasynda ady taryha altyn harplar bilen ýazylan, akyl-paýhasy we dolandyryş ukyby bilen tanalan  beýik şahsyýetlerimiz aýratyn orun tutýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Alym Arkadagymyz özüniň “Mertler Watany beýgeldýär” atly kitabynda: “Türkmen halkynyň şöhrata beslenen gahrymançylykly taryhynda özlerini öňdengörüji (strateg), söweşiň ykbalynyň gysga wagtyň içinde çözülmegine düýpli täsir edýän çözgütleri kabul ediji, harby mekirligi, ugurtapyjylygy jaýdar ulanyp, az sanly goşun bilen duşmanyň agyr ýygnyny ýeňmegi başaran Oguz han, Togrul beg, Çagry beg, Alp Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar, Jelaleddin Soltan, Görogly beg, Baýram han, Keýmir kör, Gowşut han kimin ezber serkerdeler diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, dünýä taryhynyň harby sungatynda mynasyp orun eýelemegi başaran şahsyýetlerimizdir” [2. s.245] – diýip bellemek bilen ady agzalan şahsyýetlerimiziň döwlet dolandyrmagyň, daşary syýasat meseleleriniň parahatçylyk ýoly bilen alyp baryp boljakdygyna düşünendiklerini, şoňa görä hereket edendiklerini Alym Arkadagymyz buýsanç bilen belläpdir. Mälik şanyň döwründe Seljuk döwleti öz ösüşiniň iň ýokary derejesine ýetipdir. Mälik şa diňe bir harby we syýasy lider hökmünde däl, eýsem ylym-bilim, medeniýet we ykdysadyýetde ösüşi goldaýan hökümdar hökmünde tanalypdyr. Beýik Seljuk imperiýasy taryhy sahnada XI-XII asyrlarda öz ornuny tapyp, musulman dünýäsinde uly täsir galdyrdy. Mälik şanyň dolandyran wagty Beýik Seljuk türkmen döwletiniň iň gülläp ösen döwri bolmak bilen, döwletiň çägi has-da giňäpdir. [3. s.90]. Taryhda Mälik şa adalatly, öňdengörüji we kämil döwlet ýolbaşçysy hökmünde tanalypdyr. Ol döwleti dolandyrmakda parahatçylyk ýolyny saýlapdyr.  Bu barada ermeni ýazyjysy Kirakos Gandzakesi “Mälik şa uruş we zorluk bilen däl-de mähir we parahatçylyk bilen dünýäni boýun egdirdi” – diýip ýazypdyr [1. s.43]. Mälik şa döwrüniň ösüşleri diňe bir Seljuk döwletiniň däl, eýsem musulman dünýäsiniň ösüşine hem täsir edipdir. Onuň döreden dolandyryş ulgamy, ykdysady we medeni syýasaty birnäçe  alymlar tarapyndan öwrenilipdir we oňa ýokary baha berlipdir.

Mälik şa döwletiň binýadynyň ylymdan tutulmalydygyna düşünipdir we şonuň üçin ylym adamlaryna hemaýatkärlik edipdir. Soltan Mälik şanyň döwründe Seljuk imperiýasynyň medeni durmuşy gülläp ösen derejesine ýetipdir. Bilimi ösdürmek  maksady bilen hökümdar köp medreseleri, mekdepleri gurdurypdyr we şol döwrüň meşhur alymlaryny ylym-bilim merkezlerinde işlemäge çekipdir. Seljuklar döwründe medresesi, mekdebi bolmadyk şäher ýa-da ülke ýok diýen ýaly bolupdyr. Şunyň ýaly musulman ýokary okuw mekdepleri Bagdatda, Mosulda, Basrada, Damaskda, Amulda, Balhda, Merwde açylypdyr. Seljuk Soltany Mälik şa alymlara uly hormat goýup, olara hemişe kömek hem edipdir. Döwletiň ähli şäherlerinde diýen ýaly medreseleri döreden Seljuklar ilkinji gezek ylma we bilime berilýän ünsi bilen bilimi döwlet syýasatyna öwüripdirler. Seljuk medreseleriniň hem-de mekdepleriniň iki maksady bolupdyr. Ol maksatlaryň birinjisi – Ylym-bilimi ösdürmek; Ikinjisi – okamaga mümkinçiligi bolmadyk garyp çagalara bilim bermek. Bu, Seljuklaryň bilimli jemgyýet döretmek maksadyny görkezýär. Mugt bilim – Seljuk döwletiniň umuman bilim pudagyna berýän ähmiýetine şaýatlyk edipdir.

Sadraddin ali El-Huseýniniň bellemegine görä: “Soltan Mälik şanyň döwründe fakhlar, sopylar we Gurhan okaýanlar üçin gaznadan her ýylda 300 müň dinar bölünip berlipdir” [4. s.46]. Baş wezir Nyzamylmülkiň töwereginde ylym bilen meşgullanýan alymlaryň topary döredilip, bu ugurda edilýän işler üçin hepdelik çykdajylary 1 müň dinara deň bolupdyr. Seljuk soltanlary, wezirler, atabegler we emirler haýsydyr bir fakh, sopy ýa-da derwiş bilen duşuşan bolsalar, öz gulamlaryna pul bermegi buýurýan ekenler. Aslynda, hut şu maksat bilen altyn we kümüşden doly haltalary göterýän gulamlary öz ýanlarynda  saklapdyrlar.

Seljuklara köp sanly öz ugryndan ökde işgärler gerek bolupdyr. Nyzamylmülk bu ugurda Seljuk soltanlary üçin meşhur ugurtapyjy şahsyýet hökmünde tanalypdyr. Wezir Nyzamylmülkiň paýhasly maslahatyna eýerip,  Soltan Mälik şa döwletde birnäçe özgertmeleri geçiripdir. Mälik şa şahyrlaryň we ylmyň howandary bolandygy sebäpli, onuň dolandyran döwri Seljuk döwletiniň raýatlary üçin iň bagtly döwür bolupdyr. Seljuklar döwründe köp alymlar we fykhlar köp ylmy ugurlarda işjeň bolandygy sebäpli, olar dolandyryjy dinastiýanyň we ýönekeý halkyň çuňňur hormatyny gazanypdyrlar.

XI-XII asyryň ahyrynda Eýranyň meşhur matematiklerinden we şahyrlaryndan biri Omar ibn Ybraýym Haýýam Nişapury Soltan Mälik şanyň döwründe  senenamanyň düzülmegine gatnaşypdyr. Bu barada Ibn Esir: “Mälik şa we Nyzamylmülk astronomlaryň bir toparyny ýygnap, Nowruz gününi ýylyň ilkinji senenama güni diýip yglan edildi. Soltanyň karary bilen Nowruz senenamanyň ilkinji güni hasaplandy. Omar ibn Haýýam, Asfzari we Meýmun ibn Alnajibul-wosta astronomlar bolup, şol ylmy gözleglere gatnaşdylar. Bu ylmy gözlegi edýänlere we gözlegleriň geçirilişi üçin  köp mukdarda pul sarp edildi we bu işler Soltan Mälik şa ölýänçä dowam etdi” – diýip belleýär [5. s. 268].

Täze düzen ýylnamasyny Mälik şanyň hormatyna “Jelaly ýylnamasy” diýip atlandyrypdyrlar. Ol ýylnama 30 günlük bolup, 12 aýdan we goşmaça 5 ýa-da 6 günden durýar. Bu ýylnamada ýylbaşyny baharda Nowruza deňlemek üçin dört ýylda bir goşmaça gün girizilipdir. Jelaly ýylnamasynda ýygynlar berkidilipdir. Olar kerweniň howpsuzlygyna doly jogap bermeli eken. Bardy-geldi kerwenler talanan ýagdaýynda, kerweniň ýolbaşçysynyň çeken zyýany döwlet hazynasyndan ödelipdir. Söwdagärleriň girdejisiniň belli bir böleginden döwlet salgyt alypdyr. Soltan ölenden soň bu gözlegler togtadylypdyr.

Soltan Mälik şanyň döwründe Beýik Seljuk türkmen imperiýasy ykdysady ösüşiniň ýokary derejesine galypdyr. Ülkäniň çar ýanynda kerwenler gatnapdyr. Mälik şa döwletiň dürli künjeginde metjit-medreseleri, köşkleri, kitaphanalary, kerwensaraýlary, kerwen ýollarynyň ugrundaky düşelgeleri, galadyr şäherleri gurduryp bilipdir. Munyň şeýledigini taryhçy Sergeý Agajanow öz kitabynda: “Mälik şa döwründe köprüleri gurmak, şäher merkeziniň diwarlarynyň galdyrylmagy üçin hem-de kerwensaraýlaryň duralgalarynyň daşyndan berkitmeleri gurmak üçin ummasyz pul serişdelerini sarp edipdir “ [7. s.103] diýmek bilen soltanyň öz döwletini gülledip ösdürmekde döwlet gaznasyndan edilýän çykdaýjyny gysganmandygyny belleýär. Hakykatdan-da Mälik şanyň döwründe oba hojalygy, söwda we şäher gurluşygy uly ösüş gazanypdyr. Ýollaryň täzelenmegi we bazarlaryň gurulmagy içerki we daşarky söwdanyň ösmegine mümkinçilik döredipdir. Tebigy baýlyklaryň rejeli ulanylmagy ykdysady ösüşe itergi beripdir. Beýik soltan Mälik şa Mekgä gidýän haj ýoluna uly ähmiýet beripdir. Mekgä we Medine barýan ýollar ýörite düşelge menzillerini, myhmanhanalary gurdurypdyr. Haja barýan musulmanlaryň suwsuzlykdan kösenmezligi üçin guýular, çeşmeler, howuzlar gazdyrypdyr. Käbä zyýarata gidýän musulmanlaryň Mekge çölünde oturanlara mejbury tölemeli salgydyny ýatyrypdyr.

Soltan Mälik şa ekerançylyga uly üns beripdir. Ekerançylykdan gelýän girdejiler söwdanyň ösmegine, halkyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagyna täsir edipdir. Mälik şa galla ekýän daýhanlary hemme taraplaýyn goldapdyr. Olara tohum we zähmet gurallaryny paýlamak bilen goldaw beripdir. Soltan şa mülküniň eýesidir. Ol iň uly ýer eýesi bolup durýar. Ondan soňra patyşa neberesiniň agzalary, şäher we oba  kiçi mülküň (iň köp ýaýran) eýesi daýhanlar bolupdyr. Mälik şanyň dolandyran döwründe ekarançylygyň ýokary derejede ösendigini Semýonow şeýle belleýär: “Derýalaryň we ýagymlaryň köp bolandygy sebäpli bu ýerde emeli suwaryş zerurlygyny aradan aýyrdy. Aýratynam, sebitde oba hojalygy üçin amatly şertler bolupdyr. Bu ýerdäki medeniýetler Siriýadaky ýalydy. Gallany Yraga äkidýärdiler. Sinjar özüniň gant şugundyry bilen meşhur bolupdy, Habur jülgesi – pagtasy bilen. Hemme ýerde üzümçilik giňden ýaýrady” [8. s.41].

Taryhçy Sergeý Agajanowyň bellemegine görä:  “Bir mülküň hasylyndan alnan girdeji 6 müň altyn dinara barabar bolupdyr. Wakf-emlägiň, miras berlen ýeriň ýa-da okuw jaýy, metjidiň, degirmeniň, kerwensaraýyň we beýlekileriň girdejisi wesýetnama boýunça paýlanypdyr. Hassahana we beýleki wakfy edara edýän adama Mutawelli diýilýär Seljuklar tarapyndan ilkinji altyn dinar 1041-nji ýylda Nişapur şäherinde Togrul begiň ady bilen çykarylýar. Onuň agramy 3,35 g bolupdyr, pul çykarmaklyk 9 şäherde ýola goýulýar. Ýagny 9 şäherde pul çykarylýan zikgehanalar işe girizilýär.” [7. s.193, 268].

Mälik şanyň Beýik Seljuk türkmen döwleti üçin bitiren ägirt uly hyzmatlarynyň arasynda  senetçilik, dokmaçylyk, demirçilik, deri işläp bejermeklik, şol döwrüň  ussahanalarynda ýokary hilli önümleri öndürmeklik esasy iş hasaplanypdyr. Bulardan başgada kagyz, aýna işläp bejermek giň ýaýrapdy.

Merwde dokalýan nah, ýüň we ýüpek matalarynyň şöhraty bütin yslam älemine dolupdyr. Mälik şanyň döwründe Beýik Seljuk Türkmen döwletiniň çäginde ylym medeniýet we ykdysadyýet ýokary göterilipdir. Onuň şeýledigini taryhy çeşmeler hem subut edýär. Mälik şanyň Beýik Seljuk döwletindäki hyzmatlary döwlet dolandyryşy, harby strategiýasy, ylym-bilim we medeniýet, ykdysady ösüş ýaly ugurlarda ägirt uly ösüşleri üpjün etdi. Onuň mirasy diňe bir geçmişe degişli bolman, häzirki zaman üçin hem ähmiýetlidir.

Mälik şanyň  döwleti adalatly edara etmek ugrundaky alyp baran syýasaty seljukly soltanlarynyň arasynda aýratyn tapawutlanandygyny ýene bir gezek nygtasymyz gelýär. Soltan Mälik şanyň döwründe Seljuk imperiýasynyň medeni durmuşy hem gülläp ösüpdir. Ylmy, bilimi ösdürmek  maksady bilen köp mekdepleri, medreseleri gurdurypdyr we şol döwrüň meşhur alymlaryny ylym-bilim merkezlerinde işlemäge çekipdir. Seljuk soltany Mälik şa söweşlerde   batyrgaýlyk, gaýduwsyzlyk, gahrymançylyk, mertlik, merdanalyk, ezberlik, erjellik, edenlilik görkezmäge ukyply, özüniň dogumlylygy, ýürek ersginliligi bilen tapawutlanan, eden işleri bilen hormata mynasyp bolan, gorky-ürkini bilmeýän merdana kişi, taryhy şahsyýet hökmünde tanalypdyr. Ýokarda beýan edilen maglumatlaryň esasynda, biz, pedagogika kafedrasynyň mugallymlary, öz gezegimizde, şeýle mazmunly ylmy-amaly maslahatlaryň geçirilmeginiň öz kärine ökde ýaş mugallymlary taýýarlamakda iňňän uly ýardam berýändigini bellemek bilen, institutymyzyň ýolbaşçylygyna uly hormat bilen sagbolsunlarymyzy aýdýarys.

Taýýarlan,

Aýjemal Rahimowa

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk

institutynyň mugallymy.

Aziza Döwranowa,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk

institutynyň mugallymy.

Ýene-de okaň

Bilim – ösüşleriň berk binýady

Dil öwrenmek-asylly ýörelge

Dil bilmek ylymlaryň açarydyr

Ata Watan Eserleri

Pedagogika we psihologiýanyň ähmiýeti

Türkmen ýaşlarynyň ylmyň ösüşindäki orny

Goşa mukaddesligiň belent sarpasy