DÜNÝÄ

Beýik Britaniýada täze hökümet düzüldi

Beýik Britaniýada geçirilen parlament saýlawlaryndan soňra ýurduň Premýer-ministri bolan Kir starmer täze hökümeti düzdi.

Täze hökmüetde daşary işler ministri wezipesine Dewid Lemmi, goranmak ministri wezipesine Jon Hili, maliýe ministri wezipesine Reýçel Riws we içeri işler ministri wezipesine Iwett Kuper bellendi.

Şeýle hem lord-kansler, adalat ministri wezipesine Şaban Mahmud bellenip, saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi ministri wezipesine Uez Striting, zähmet pensiýa meseleleri boýunça ministri wezipesine Liz Kendaal, täjirçilik we söwda işleri boýunça ministri wezipesine Jonatan Reýnolds, bilim ministri wezipesine Brijet Fillipson, ulag ministri wezipesine Luiz Heýg saýlandy.

Ed Milibend energetika we uglerod garaşsyzlygy ministri, Stiw Rud daşky gurşawy goramak, azyk weoba hojalygy ösüş ministri,  Liza Nendi sanly tehnologiýalar, medeniýet, metbugat we sport ministri, Piter Kaýl ylym, innowasiýa we tehnologiýa işleri boýunça ministri boldy.

Ýene-de okaň

Zenanlaryň 200-den gowragy «Ene mähri» diýen hormatly ada eýe boldular

ÝB-niň ýokary wekili bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Dünýäniň iň uly aýsbergi ýalpaklyga oturdy

Arkadag şäherine çenli uzap gidýän ýol “Ahalteke atlary” şaýoly diýlip atlandyrylar

Türkmenistanyň Mejlisinde Halkara zenanlar güni mynasybetli dabara geçirildi