Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Belgiýa Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Julýen de Frepontdan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli Parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän dostlukly gatnaşyklaryň hem-de netijeli döwletara dialogyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda Belgiýanyň Ilçisi Mejlisiň düzümi we ýurdumyzyň hukuk binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde alyp barýan köptaraply işleri bilen tanyşdyryldy.
Ilçi Türkmenistan bilen Belgiýa Patyşalygynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýtmak bilen, öz ýurdunyň ähli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.
***
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Marsel Fortuna Biatondan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli Parlamentiň ýolbaşçysy Ilçini döwlet Baştutanymyzyň adyndan jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny nygtady.
Şeýle-de diplomat Mejlisiň düzümi we alyp barýan işi, döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän demokratik özgertmeleriniň hukuk binýadyny üpjün etmekde eýeleýän orny bilen tanyşdyryldy.
Taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň häzirki derejesi, parahatçylygy ilerletmek, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky ynanyşmagy berkitmek, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek işlerinde tagallalary birleşdirmegiň ähmiýeti barada pikir alyşdylar.
***
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Daniýa Patyşalygynyň Türkmenistana täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Ýesper Wardan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli Parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady. Şeýle hem oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda Ilçi ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, milli Parlamentiň düzümi hem-de dürli ulgamlarda amala aşyrylýan özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.
Taraplar geljekde parlamentara gatnaşyklary halkara parlament düzümleriniň çäklerinde işjeňleşdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.
Ilçi Türkmenistan bilen Daniýa Patyşalygynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýtmak bilen, öz ýurdunyň ähli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.