SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

«Belawiýa» awiakompaniýasy Türkmenistana uçar gatnawlaryny artdyrdy

2022-nji ýylyň 13-nji dekabryndan «Belawiýa» awiakompaniýasy Minskden (Belarus) Türkmenbaşy şäherine (Türkmenistan) göni yzygiderli gatnawlarynyň ýygylygyny artdyrýar. Bu barada Belarusyň telegraf gullugy awiakompaniýanyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi.

Ozal Minsk — Türkmenbaşy — Minsk ugry boýunça uçuşlar iki hepdeden bir gezek amala aşyrylýardy.

“Türkmenportal” neşiriniň habar bermegine görä, 2022-nji ýylyň 13-nji dekabryndan 2023-nji ýylyň 21-nji martyna çenli her sişenbe güni Minsk — Türkmenbaşy we her çarşenbe güni Türkmenbaşy — Minsk ugurlary boýunça uçuşlar amala aşyrylar.

Uçarlar Minskden 22:40-da uçup, 04:45-de gonar, Türkmenbaşydan 05:45-de uçup, 8:05-de gonar.

«Belawiýanyň» 2022-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Belarusdan Türkmenistana yzygiderli gatnawlaryny täzeden başlandygyny ýatladýarys.

Awiakompaniýanyň ähli uçuşlary üçin petekleri Aşgabatdaky «Belawiýa» ofisinden alyp bolar. Salgy: köç. 2028 (A. Gowşudow), 50/2 bina, 2-nji gat («Teke bazary», «Ak Deňiz» binasy, 2-nji gat) Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +99312926409.

«Belawiýanyň» uçuşlary üçin petekleri onlaýn görnüşinde www.belavia.by web sahypasy, iPhone we Android programmalary arkaly satyn alyp bilersiňiz.

Türkmenistanyň raýatlaryna Belarusa gitmek üçin wiza gerek. Wizanyň bahasy 60 ýewro (islendik görnüşli wiza üçin). 14 ýaşa ýetmedik daşary ýurtlular Belarus Respublikasynyň wizalaryny bermek baradaky arzalara garamak üçin konsullyk töleginden boşadyldy.

Ýene-de okaň

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar

Türkiýä bolan syýahatçylyk islegi ýokary derejede saklanýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň raýatlary üçin “ASAN Viza” portaly türkmen dilinde işe girizildi

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy wiza ulgamyndaky üýtgeşmeler barada habar berdi

Fransiýanyň syýahatçylykda täze taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri