SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Belawia” awiakompaniýasy hem adaty uçar gatnawlaryna başlaýar

Belarus Respublikasynyň “Belawia” awiakompaniýasy  Türkmenistan ugry boýunça uçar gatnawlaryny amala aşyrmaga başlaýar. “Belawia” awiakompaniýasynyň web saýtyndaky maglumata görä, ilkinji adaty uçuş 25-nji oktýabrda, ýagny şugün  amala aşyrylar.

Ilkinji adaty uçar gatnawy ýerli wagt bilen 22:40-da Minskden Türkmenbaşy şäherine tarap uçar. Yzyna bolsa, 26-nji Oktýabrda ýerli wagt bilen irden sagat 05:45-de Türkmenbaşy şäherinden Minske tarap uçar.

Belawia” awiakompaniýasy Noýabr aýynyň birinden başlap her iki hepdede 1 gezek, hepdäniň sişenbe güni amala aşyrylar. Uçar Minskden sagat 22:40-da uçar we Türkmenbaşy şäherine 4:45-de gonar, Türkmenbaşydan Minske bolsa, 5:45-de uçar we 8:05-de gonar. Biletiň bahasy bir tarapa iň az 299 Euro-dan başlaýan bahadan bolar. Iki taraplaýyn baha bolsa 599 Eurodan başlar.(Smart tariff brand )

Häzirki  döwürde “Türkmenistan” awiakompaniýasy, Dubaý, Kazan, Moskwa, Frankfurt,  Stambul we Minsk ugryna adaty uçar gatnawlaryna dowam edýär.  Şu ýylyň 17-nji oktýabryndan “S7” awiakompaniýasy  Moskwa-Türkmenbaşy-Moskwa ugry boýunça adaty tertipde gatnawlary amala aşyryp başlady.  Türkiýäniň “Türk howa ýollary” awiakompaniýasy hem 2022-nji ýylyň 2-nji noýabryndan başlap Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça adaty gatnawlaryna başlaýar.

Ýene-de okaň

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar

Türkiýä bolan syýahatçylyk islegi ýokary derejede saklanýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň raýatlary üçin “ASAN Viza” portaly türkmen dilinde işe girizildi

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy wiza ulgamyndaky üýtgeşmeler barada habar berdi

Fransiýanyň syýahatçylykda täze taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri