DÜNÝÄ

Beýik Britaniýanyň Ilçisi Türkmenistandaky diplomatik missiýasyny tamamlaýar

2019-njy ýylyň 19-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Torhilda Wiwia Ebbott-Uot bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri hanym Ilçä Türkmenistanyň Prezideni Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan deňhukuklylyk, hormat goýmak we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşan saldamly goşandy üçin minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda, taraplar türkmen-britan gatnaşyklarynyň dostlukly häsiýetini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Hanym Ebbott-Uot türkmen tarabyna Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky özarabähbitli gatnaşyklary ösdürmekde beren hemmetaraplaýyn goldawy üçin minnetdarlygyny bildirdi.

Türkmen-britan gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem berkidilmegine gyzyklanma bildirmek bilen, diplomatlar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky gatnaşyklary ösdürmek ýaly derwaýys meseleleriň ençemesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

ÝB-niň ilçisi: Ählumumy üpjünçilik zynjyrynda Türkmenistanyň orny örän ýokarydyr

«Türkmenistan-Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisi geçiriler

Gyrgyzystan ilkinji gezek milli puluny özbaşdak çap etdi

Türkmenistan-ABŞ:söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatda GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň duşuşygyna taýýarlyk boýunça Teswirnama gol çekildi

Aşgabatda “Yn­san­per­wer­lik ýo­ly” ady bi­len hal­ka­ra mas­la­hat ge­çi­ril­di