SIZDEN GELENLER

Behi barada…

Süýjümtik ysy bilen geçeni özüne çekip, bagda özüni güjeňläp oturan behi miwesi asyrlaryň dowamynda adamlary süýji tagamy hem saglyk üçin peýdalylygy bilen özüne çekip gelipdir. Ol dünýä ýüzüne Krit adasyndan ýaýrapdyr diýip hasaplanylýar. Sebäbi onuň ylmy, ýagny latyn dilde «Gydonia» diýip atlandyrylmagy-da hut şol adadaky Gydon şäheri bilen baglanyşyklydyr. Behi ol ýerde biziň eýýamymyzdan öňki birinji müňýyllykda hem ösdürilip ýetişdirilipdir.

Behi almadyr armytlar bilen «ýakyn garyndaş» ösümlikdir. Onuň aýratyn tarapy — ony çigligine iýip bolmaýar diýen ýalydyr. Behiniň miwesi gadymy Gresiýa döwründen bäri söýginiň, hasyllylygyň nyşany hasaplanyp gelinýär.

Behi-agaç görnüşli gyrymsy bag bolup, boýy 8 metre çenli ýetýär, gür ýaprakly, şar görnüşli telpekligi bolýar. Gülleri sada bir-birden bir ýyllyk baldaklarda emele gelýär. Miwe düwünçekleri emele gelenden soň, hasyl getiriji baldaklar ösmeýärler. Miweleri tüýjümek, garamtyl-sary reňkli, iri, miwe sapaksyz, eti gaty, uzak saklanýan, uzak ýerlere daşalanda hem zaýalanmaýar. Miwelerini köplenç çig görnüşde iýmek bolmaýar, miwesiniň içi köp çigitlidir (10-70). Miwelerinde 8,15-12,0% süýjüler, witamin S, pektin-0,33%-e çenli we 0,2- 0,8% turşular saklanýar.

bu miwe beýi, behi ýa-da aýwa ýaly birnäçe atlary özünde jemleýär. Ondan gowy mürepbe hem-de süýji kompot taýýarlanýar.

Şu ýerde bu hem peýdaly hem-de ajaýyp tagamly behi miwesi barada käbir maglumatlary dykgatyňyza ýetirmek isleýäris:

  • Behi takmynan 4 müň ýyl ozal adamlar tarapyndan ösdürip ýetişdiren iň gadymy miwe ekinleriniň biri hasaplanýar.
  • Behi önümçiliginde Türkiýe dünýäde öňdebaryjydyr.
  • Ýeti’en behiniň 10-da biri şekerdir.
  • Uzak wagtlap gury toprakda behi ösüp bilýär. Şol bir wagtyň özünde, agaç suw joşmalarynda bol çyglylyga aňsatlyk bilen çydam edýär.
  • Behi ýabany ýerde-de duş gelýär, ýöne onuň miweleri örän az bolýar.
  • Behi köplenç lukmançylykda hem peýdalanylýar, bu ýerde diňe önümiň özi däl, eýsem ýapraklaryndan hem peýdalanylýar.
  • Ortaýer deňziniň ýaşaýjylarynyň arasynda behi söýgini we hasyllylygy alamatlandyrýar.
  • Behi, ýaprakly bonsaý nusgalarynyň iň meşhur görnüşlerinden biri – minýatur agaçlardyr.

Süleýman Hojanyýazow, TOHU-nyñ talyby.

 

 

Milli mirasa uly sarpa

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk