SPORT

“Bawariýa” Çempionlar ligasynda rekord goýdy

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 2024-2025-nji möwsümi badalga aldy. Üstümizdäki möwsümde düýpgöter başga görnüşde geçirilýän Ýewropanyň bu iri halkara futbol ýaryşynda Germaniýanyň “Bawariýa” topary rekord goýdy.

Çempionlar ligasy toparçalar görnüşinde däl-de, oňa gatnaşyjylar toparlaryň özara duşuşyklary bilen dowam edýär. Her bir topar geçiren duşuşyklarda gazanan utuk sany boýunça indiki tapgyra çykar.

Şeýlelikde, täze möwsümde täze formatda ilkinji duşuşyklar oýnaldy. Germaniýanyň “Bawariýa” topary öz meýdançasynda Horwatiýanyň “Dinamo Zagreb” toparyny kabul edip, 9:2 hasabynda utdy. “Arena Mýunhen” stadionynda geçiriljek bu duşuşykda Çempionlar ligasynyň ähli döwürleriniň rekordy goýuldy.

Germaniýanyň “Bawariýa” topary Ýewropa ýaryşlarda bir duşuşykda 9 gol geçiren ilkinji topar boldy.

German toparynyň düzümindäki iňlis hüjümçi Garry Keýn 4 gol geçirdi, şeýle hem onuň topardaş ýoldaşlaryndan Maýkl Olis 2 gol, Rafael Gerreýra, Leon Goreska we Leroý Sane 1 goldan geçirdi.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi