JEMGYÝET

Baýraktar: türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen import etmegi meýilleşdirýäris

Türkiýe Respublikasynyň ýakyn wagtda Türkmenistanyň tebigy gazynyň “swap” arkaly Türkiýä getirilmegi babatda degişli ylalaşygy baglaşmagy meýilleşdirýändigi bellenildi. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar “Bloomberg” neşirine beren beýanatynda habar berdi.

– Häzirki wagtda Tükriýe Türkmenistanyň tebigy gazyny goňşy Eýranyň üsti bilen “swap” görnüşinde import etmegiň mümkinçiliklerini öwrenýär – diýip, ministr Baýraktar belläp geçdi.

Ministriň bellemegine görä, şu aýyň ahyryna çenli bu ugurda degişli ylalaşygyň gazanylmagy meýilleşdirilýär.

Mälim bolşy ýaly, Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasy (SOCAR) bilen Türkiýäniň “Botaş” döwlet kompaniýasynyň arasynda 2024-nji ýylyň 4-nji iýunynda türkmen tebigy gazyny Azerbaýjanyň üsti bilen Türkiýe Respublikasyna ibermek boýunça ylalaşyga gol çekilipdi.

2024-nji ýylyň martynda bolsa, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda tebigy gaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ähtnama gol çekilipdi.

Şeýle hem golaýda, Türkmenistanyň “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda 10 milliard kubmetr türkmen tebigy gazyny Eýranyň üsti bilen “swap” görnüşinde Yrak Respublikasyna ibermek boýunça degişli ylalaşyk gazanylypdy.

Ýene-de okaň

Eýran ynsanperwer kömek üçin Türkmenistanyň haýyr-sahawat gaznasynа minnetdarlyk bildirdi

Aşgabatda gender deňligi boýunça parlamentara dialogy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda ilkinji gezek Türkmenistan–ÝB işewürler forumy geçirildi

Sadyr Žaparow: gyrgyz-türkmen gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar

Türkmenistanda gowaça ekişine badalga berildi

Putin: Russiýa Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürer