IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Bäsleşik: harytlar, işler we hyzmatlar barada…

Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça BÄSLEŞIK yglan edildi. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi. 

  1. LOT № 2.

Ministrligiň elektron kommunikasiýa ulgamlaryny kibergorag bilen üpjün etmek üçin zerur enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Adalat ministrligi.

  1. LOT № 4.

Ministrligiň ýörite edaralaryna gap-gaç ýuwujy serişdeleri satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.

  1. LOT № 9.

Gullugyň elektrik habar beriji toplumlarynyň enjamlaryny hem-de inžener-tehniki desgalarynyň gurluşygy üçin serişdeleri satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

  1. LOT № 16.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň içerki gaz geçiriji ulgamynyň gurluşygy üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak.

Satyn alyjy: «Türkmengaz» döwlet konserni.

  1. LOT № 26.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini telefonlaşdyrmak maksady bilen, içerki eltiji aragatnaşyk ulgamynyň gurluşyk-gurnama işleri üçin harytlary we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi.

  1. LOT № 28.

Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň ýangyn habar beriji enjamlaryna tehniki hyzmat etmek.

Buýrujy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.

  1. LOT № 29.

Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň elektrik energiýasy bilen üznüksiz üpjün edýän enjamlaryna tehniki hyzmat etmek.

Buýrujy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi.

  1. LOT № 33.

«E-Salgyt» programma üpjünçiligi üçin ylmy-tehniki ilerlemäniň ösüş derejesi bilen şertlenen we häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän serişdeleri hem-de enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýeti.

  1. LOT № 34.

Gullugyň awtoulaglary üçin dürli görnüşli akkumulýator batareýalaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

  1. LOT № 37.

Gullugyň harby gullukçylaryny egin-eşik bilen üpjün etmek maksady bilen zerur bolan harytlary satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy.

  1. LOT № 41.

Milli atly sport merkezinde, Mary hem-de Daşoguz Döwlet athanalarynda saklanylýan tohum atlar üçin ot-iýmleri satyn almak.

Satyn alyjy: «Türkmen atlary» döwlet birleşigi.

  1. LOT № 44.

Farap etrabynda ýerleşýän «Farap» serhet gözegçilik-geçiriş nokadyndaky awtoulaglary, tirkegleri zyýansyzlandyrýan desga hem-de zyýansyzlandyryş geçelgesini döwrebaplaşdyrmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy.

  1. LOT № 45.

Köýtendag etrabynyň Kelif şäherçesinde ýerleşýän gümrükhana degişli bolan umumy ýaşaýyş jaýynyň durkuny özgerdip, edara jaýyna öwürmek hem-de daş-töweregini abadanlaşdyrmak üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy.

  1. LOT № 58.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynda ösdürilip ýetişdirilýän ahalteke atlary üçin arpa satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirligi.

  1. LOT № 59.

Ministrligiň Ýer serişdeleri gullugy üçin Türkmenistanyň Döwlet ýer kadastrynyň awtomatlaşdyrylan geomaglumat toplumynyň merkezleşdirilen ýeke-täk elektron maglumatlar binýadyny döretmek we alyp barmak maksady bilen, maddy-tehniki enjamlary hem-de ygtyýarlandyrylan programma üpjünçiligini satyn almak.

Satyn alyjy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi.

Bäsleşik 2022-nji ýylyň 10-njy martynda geçirilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar baradaky maglumatlary şu salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan ýüztutmalar esasynda alyp bilersiňiz:

Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi. Telefon belgileri: 39-46-39, 39-46-38, 39-46-32.

 

Bäsleşik: harytlary satyn almak

Ýene-de okaň

Baýramaly etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär

Ata Watan Eserleri

Mary welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Lebap welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Balkan welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Ata Watan Eserleri

Daşoguz welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

“Petronas” täze boş iş orunlaryny hödürleýär