SIZDEN GELENLER

Baş wezipämiz – ynsan saglygy

Eziz Diýarymyzda halkymyz her bir ýyly uly umyt-arzuwlar we ruhubelentlik bilen garşy alýar. Gadam uran täze — 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi täze üstünliklere ganatlandyrdy. Parahatçylyk dörediji aýdyň maksatlary, ynsanperwer syýasaty bilen dünýäde giňden tanalýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, köptaraply başlangyçlary bilen uly üstünlikleriň we ösüşleriň ýoly bilen öňe barýar.

Ýurdumyzda durmuş-ykdysady taýdan, şol sanda saglygy goraýyş ulgamyndaky uly ösüşleriň gazanylmagynda we halkara derejedäki abraýynyň belende göterilmeginde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmelere möhüm orun degişlidir. Halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda yaşamagy ýurdumyzda döwlet syýasatynyň özenini düzýär. Bu günki gün eziz Watanymyzyň islendik künjegine seredeniňde hem durmuşa geçirilýän beýik işleriň guwandyryjy netijelerini görmek bolyar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde şeyle ýokary netijeli işleriň ençemesi alnyp barylýar.

Eziz Diýarymyzda il saglygy ýurduň iň uly baýlygy hasaplanýar. Şonuň üçin ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkitmek, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny kepillendirýän milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek ýaly möhüm wezipeleriň çözülmegine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär.

Türkmenistan döwletimiziň saglygy goraýyş ulgamynda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär we kabul edilen giň gerimli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Bu bolsa halkymyzyň saglygy baradaky döwletimiziň edýän aladasyndan nyşandyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we giňden ornaşdyrmak, D witamini bilen bagly ýagdaýlaryň öňüni almak üçin netijeli çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda D witamini bilen bagly öňüni alyş çärelerini ýokarlandyrmak boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Strategiýa we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Türkmenistan döwletimizde ilatyň sagdyn durmuşda ýaşamagyna uly ähmiýet berilýär. Bagtyýar zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagyna gönükdirilen belent maksatly işler amala aşyrylýar. Bu bolsa halkara hyzmatdaşlygyň pugtalanmagyna alyp barýar. Ýurdumyzyň lukmançylyk ulgamy halkara gatnaşyklary ösdürmekde, adamlaryň saglygyny goramak meselelerini çözmek üçin netijeli çäreleri işläp taýýarlamakda, howply keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek babatda ylmy maglumatlary alyşmakda baý tejribe toplaýar. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek babatda toplan tejribesini dünýä bileleşiginiň hem-de halkara düzümleriň giňden ykrar etmegi aýratyn buýsanç döredýär. Türkmenistan bular bilen döwlet Garaşsyzlygynyň ýyllary içinde işjeň we netijeli hyzmatdaşlyk edip gelýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň we Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşygy batly depginde alnyp barylýar. 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilip, dürli onkologiýa kesellerini öz wagtynda ýüze çykarmak we netijeli bejermek üçin anyklaýyş, bejeriş, saglygy dikeldiş maksatly bölümleri ýerleşdirmek meýilleşdirilýär. Bu ýerde M. Garryýew adyndaky TDLU-nyň onkologiýa, şöhle bilen bejeriş we anyklaýyş kafedrasy hem ýerleşdiriler. Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde dünýäniň öňdebaryjy hassahanalary bilen hyzmatdaşlyk etmek, onkolog lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, kliniki ordinatorlary, ylmy işgärleri taýýarlamak boýunça okuwlary guramak, ylmy-barlag işlerini ýerine ýetirmek üçin ähli döwrebap şertleriň döredilmegi meýilleşdirilýär.

80 orunlyk täze Stomatologiýa we äň-ýüz hirurgiýa merkezinde agyz boşlugynyň keselleriniň öňüni almak, olary irki döwürde anyklamak we netijeli bejermek, bu ugurda işleýän lukmanlar üçin okuwlary guramak, olaryň bilim derejelerini we hünär kämilligini ýokarlandyrmak üçin ähli şertler dörediler.

Halkara pediatriýa merkezi 160 orunlyk bolup, dünýä standartlaryna laýyklykda gurlar. Merkez çagalara ýokary hilli ýöriteleşdirilen lukmançylyk kömegini bermäge niýetlenip, çagalarda keselleri irki döwürlerinde anyklamak we bejermek dünýäniň öňdebaryjy hassahanalarynyň lukmanlary bilen hyzmatdaşlykda alnyp barlar. Halkara pediatriýa merkezi çagalarda keselleriň öňüni almaga, anyklamaga we olary netijeli bejermeklige niýetlenen dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň innowasion enjamlary bilen üpjün ediler.

Bagtyýar çagalygyň Watany hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, saglygy bilen bagly meselelere uly ähmiýet berilýär. Eneligi we çagalygy goramak Milli Liderimiziň durmuş ähmiýetli döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda bolandygyna we şeýle bolmagynda-da galýandygyna Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşygyna badalga berilmegi hem şaýatlyk edýär.

Halkymyzyň sagdyn ýaşaýşy, asuda we eşretli durmuşy ugrunda belent maksatlary amal edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Gülnara Saparmämmedowa,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň

Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.

Ýene-de okaň

Nowruz şowhunly we ählihalk baýramydyr

Türkmen  prozasynda parahatçylygyň  waspy

Sagdyn durmuş ýörelgesi

Nebitgaz senagatyny döwrebaplaşdyrmak – ykdysadyýetiň möhüm ugry

Arkadag şäheri – bagtyýarlygyň şäheri

Saglyk — bagtyýarlygyň gözbaşy