Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda, halkyň abadançylygyny üpjün etmekde, keselleriň öňüni almakda, raýatlaryň talabalaýyk iýmitlenmegi we sagdyn durmuşda ýaşamagy babatynda, saglygy goraýyş ulgamyny dünýä derejesine çykarmakda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda geçen ýyllaryň dowamynda içeri we daşary syýasatda, ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda, şol sanda saglygy goraýyşda hem üstünlikli menzillere ýetildi we «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeler geçirilýär.
Maksatnamanyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ilatyň ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün edilmegini, oňa ählumumy elýeterliligiň bolmagyny şertlendirýär. Munuň özi ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny berkitmäge, ömür dowamlylygyny has-da artdyrmaga mümkinçilik berýär. Şu babatda jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi bilen bir hatarda ekologiýa ýagdaýyny, daşky gurşawy goramagy we bu ugurda dolandyryşyň täze usullaryny öz içine alýan giň ugurlardan ybarat bolan syýasat işlenip taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda milli saglygy goraýyş ulgamy halkara derejä çykarylyp, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary, ylmy-lukmançylyk merkezleri bilen hyzmatdaşlyk giňeldilýär. Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça uly üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň binýady pugtalandyrylyp, saglygy goraýyş edaralarynyň, bejeriş we anyklaýyş merkezleriniň, şypahanalaryň maddy-enjamlaýyn düzümi yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Täze lukmançylyk merkezleri, hassahanalar, sagaldyş we dynç alyş merkezleri, şypahanalar gurlup ulanylmaga berilýär.
Ilatyň saglygyny goramakda we saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmekde «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasy gollanma we ýol görkeziji bolup hyzmat edýär. Maksatnamanyň esasy maksady ilatyň saglygyny goramakdan, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmakdan we jemgyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmekden, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmakdan ybaratdyr. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegi bilen, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek we halkara ölçeglere laýyk getirmek babatda düýpli özgertmeler durmuşa geçirildi. Şonuň netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda uly we täze sepgitlere ýetildi.
Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda döredilen Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy häzirki wagtda howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny üpjün etmek we bagtyýar durmuşy ugrunda giň gerimli işleri alyp barýar.
Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine we ýurdumyzyň beýleki etrap hassahanalaryna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň «Dialog+» kysymly iki sany gemodializ enjamy sowgat berildi. Gany ekstrakorporal usulda arassalamak üçin niýetlenen bu döwrebap lukmançylyk enjamy dowamly böwrek ýetmezçiliginden ejir çekýän näsaglary has netijeli bejermäge, şunuň esasynda olaryň ýaşaýşynyň hilini gowulandyrmaga, ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga ýardam berýär.
Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylan saglygy goraýyş edaralarynyň halkyň hyzmatyna berilmegi, ýurdumyzda ynsan saglygynyň jemgyýetiň hem döwletiň ýokary gymmatlygy bolup durýandygyny ýene bir gezek tassyklaýar.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa ornaşdyrylýan her bir özgertmäniň, başlangyjyň, kabul edilýän çözgüdiň özeninde halk hakynda alada bar. Ýurdumyzda adamy döwletiň we jemgyýetiň iň gymmatly baýlygy hökmünde yglan eden Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize uzak ömür, döwletli işlerinde üstünlik arzuw edýäris!
Jahan Muhadowa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Fakultet terapiýasy kafedrasynyň öwreniji mugallymy.