DÜNÝÄ

Baş Assambleýanyň 77-nji mejlisiniň başlygy saýlandy

Mälim bolşy ýaly, her ýylyň sentýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisi geçirilýär. Oňa dünýäniň köp sanly ýurdunyň döwlet Baştutanlary, hökümet başlyklary, ministrler we halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşýar.

Bu halkara forumyň başlamagynyň öňüsyrasynda Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisiniň başlygy saýlanýar. Üstümizdäki ýylda öz işine başlaýan Baş Assambleýanyň 77-nji mejlisiniň başlyklygyna Wengriýanyň diplomaty Çaba Kereşi saýlandy. Ol bu barada beren beýanatynda Baş Assambleýanyň 77-nji mejlisiniň çäklerinde raýdaşlyk, ekologik çemeleşmeler we ylym ýaly halkara ugurlara has köp üns berjekdigini mälim etdi.

Wenger diplomaty Çaba Kereşi 1958-nji ýylda doguldy, ol Moskwanyň halkara gatnaşyklar boýunça döwlet institutyny (MGIMO) tamamlady. Liwiýa, BAE, Ysraýyl we Gresiýa ýaly ýurtlarda diplomat wezipesinde işlän Kereşi Wengriýanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili hem boldy. Ol iňlis, arap, fransuz we rus dillerini bilýär.

Çaba Kereşi BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisiniň başlygy wezipesine saýlanmagy bilen 76-njy mejlisiň başlygy Maldiw adalarynyň daşary işler ministri Abdulla Şahidiň ornuny eýelär.

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş hem Çaba Kereşini bu möhüm wezipä saýlanmagy bilen gutlady.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji mejlisi 13-nji sentýabrda öz işine başlaýar. Baş Assambleýa BMG-niň ýeke-täk uniwersal edarasy bolup, 193 döwlet onuň agzasydyr.

 

Türkmenistan Halkara zähmet maslahatynyň sessiýasyna gatnaşdy

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýeti Malaýziýanyň milli habarlar agentligine baryp gördi

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

2024-nji ýylda türkmen-rus hyzmatdaşlygy

Eýranyň energetika ministri Abbas Aliabadiniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Täze ýyl Baş arçasy yşyklaryny ýakdy

Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýniň Patyşasyny gutlady