SPORT

“Barselona” tälimçisi bilen hoşlaşmakçy

Ispaniýanyň “Barselona” futbol klubynyň ýolbaşçylary şu möwsümiň ahyrynda toparyň baş tälimçisi Kike Seten bilen şertnamany ýatyrmak isleýär. Çünki soňky döwürlerde toparyň görkezýän netijeleri gowşandygyny tälimçiniň öz işini talabalaýyk ýerine ýetirmeýändigi bilen düşündirilýär. Bu barada “Goal” portaly şeýle habar berdi.

Seten 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda “Barselonanyň” baş tälimçisi boldy. Onuň ýolbaşçylygynda “Barselona” topary 17 oýun oýnap, şol oýunlarda 11 ýeňiş gazandy we 3 gezek utuldy we 3 gezek bolsa deňme-deň oýnady. Seteniň şertnamasy 2022-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket edýändigine garamazdan, klub onuň şertnamasyny şu möwsümiň ahyrynda ýatyrmagy meýilleşdirýär.

“Barselona” topary häzirki wagtda milli çempionatda ikinji orunda barýar. Tälimçi bilen hyzmatdaşlygy diňe şu möwsüm Ispaniýa çempionatynda we Çempionlar ligasyndaky ýeňişler gazanylanda dowam etdirip bolar.

Baş tälimçi wezipesine esasy potensial dalaşgär, häzirki wagtda Kataryň “Al Sadd” toparyna ýolbaşçylyk edýän “Barselonanyň” öňki oýunçysy Hawiniň gelmegine garaşylýar.

Ýene-de okaň

FIFA-nyň hünärmenleri Aşgabatda okuw-maslahatlaryny geçirýärler

UEFA Çempionlar ligasynyň garaşylmadyk netijeleri

Türkmen futbolçysy Gyrgyzystanyň çempionynyň düzüminde çykyş eder

“Mançester Siti” Angliýanyň milli ýygyndysynyň goragçysyny transfer etdi

Senegal Afrika milletler kubogyny gazandy

Los-Anželes 2028 Olimpiýa oýunlarynyň biletleri satylyp başlaýar

Dr.Döwran Orazgylyjov