SIZDEN GELENLER

Banan we onuň peýdasy

Özüniň azyklyk ähmiýeti bilen tapawutlanýan miweleriň biri hem banandyr. Onuň watany Günorta-gündogar Aziýa (Malaý arhipelagy) hasaplanylýar. Bu ýerde milady ýyl hasabyndan öňki XI asyrdan bäri banany ösdürip ýetişdirip gelýärler.

Bananyň ikinji watany Amerikadyr. Köp ýyl mundan ozal banany Amerika getiren adam Tomas de Berlanka hasaplanylýar. Häzirki wagtda Amerikanyň Kaliforniýa ştatynda banan muzeýi hem  bardyr. Ol ýerde bu miwä degişli metallardan, keramikadan we plastmassalardan ýasalan 17 müňden gowrak eksponant ýerleşdirilipdir. Bu muzeý belli bir miwä bagyşlanan dünýädäki iň uly kolleksiýa hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Banan iýmitlik ähmiýeti bolan we öz düzüminde köp derejede ýokumly maddalary saklaýan miweleriň biridir. Onuň diňe bir ýakymly tagamy bolman eýsem ol çagalar we ulular üçin sagdyn bejergidir. Onda adamyň bedenine peýdaly täsir edýän ýokumly maddalaryň köp bölegi jemlenendir.

Bananyň düzüminde ,  we   , hem-de С witaminleri bardyr. Şeýle hem ondaky beta-karotin, kalsiý, kaliý, demir, ftor we fosfor ýaly elementler tutuş organizmiň işleýişine oňaýly täsir edýär. Ol holestriniň derejesini hem peseldýändir.

Mundan başga hem banan aşgazan-içege we ýürek ulgamlarynyň işini kadalaşdyrýar. Ol göwnüňi göteriji miwe hasaplanylýar. Şeýle hem onda merkezi nerw ulgamyna oňaýly täsir edýän maddalar bardyr.

100 g bananyň energiýa berijiligi 95 kilokaloriýadyr. Şeýle hem onuň düzüminde 21,8 gram beloklar, 1,5 gram ýaglar we 0,2 gram beýleki ýokumly maddalar bardyr.

 

ANNAKOWA GÜLBAHAR,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

 uniwersitetiniň mugallym

 

Sanly “Covid” ÅŸahadatnamasy güýje girýär

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti