Paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyran türkmen halkynyň Milli Lideri Balkan welaýatynyň çäginde bina edilmegi göz öňünde tutulýan, kuwwatlylygy 1574 megawat bolan elektrik stansiýasynyň gurluşygyna toplumlaýyn we jogapkärli çemeleşmelidigini belledi.
Häzirki döwürde Türkmenistandan Merkezi Aziýa ýurtlaryna, şol sanda Özbegistan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna, Eýran Yslam Respublikasyna we Owganystana elektrik energiýasy iberilýär. Täze desganyň ulanmaga berilmegi bilen, ýurdumyzyň energoulgamynyň kuwwaty ýene-de artar. Şeýlelikde, türkmen energiýasyny sarp edijileriň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygy pugtalanar. Şol bir wagtyň özünde, ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçiligi ýokarlanar we täze iş orunlary dörediler.
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzda daşky gurşawy goramaga gönükdirilen çäreler yzygiderli amala aşyrylýar. Şunda energetika desgalary gurlanda, daşky gurşawa ýaramaz täsiriň ýetirilmegini azaltmaga ýardam edýän döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna hem uly üns berilýär.
Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde gurlan, sebitde deňi-taýy bolmadyk, utgaşykly dolanyşykda işleýän bug-gaz elektrik stansiýasyny muňa mysal hökmünde getirip bolar. Şeýlelikde, Balkan welaýatynyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän elektrik stansiýasynyň utgaşykly dolanyşykda işlemegi bu pudaga dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň işjeň ornaşdyrylýandygynyň nobatdaky beýanydyr.
