Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, aň-bilim ösüşini üpjün etmek, syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny kämilleşdirmek, ilkinji nobatda, şu nesilleriň taýýarlygyna baglydyr» diýip belleýşi ýaly, durmuş-ykdysady özgertmeler hem bilimiň ösüş ugruna baglydyr. Bilim jemgyýetçilik ösüşiniň hereketlendiriji güýjüdir.
Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletli başlangyçlaryna Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kämil tejribesi bilen dowamat berlip, agzybir il-halkymyzyň, bagtyýar ýaşlarymyzyň gujurly zähmeti bilen durmuşa geçirilýär. Täze badalga berilýän maksatnamalar ýaş nesillerimiz üçin göreldelik mekdebi bolup, olaryň durmuş ýollaryny ýagtylandyrýar.
Her bir millet öz milli gymmatlyklaryny, ruhy ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmegi şu günki terbiýeläp ýetişdirýän nesline ynanýar. Ýaşlaryň giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaklaryny, täze talaplara taýýarlykly bolmaklaryny, täze tutumlara badalga bermegi başarmaklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly bolup ýetişmeklerini gazanmak beýik jemgyýetçilik wezipesidir. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýaşlar bilen duşuşygy hem şol beýik maksatdan ugur alýar.
Ýurdumyzda innowasiýa işini ösdürmek, ylmy barlaglaryň we täze tehnologiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, milli medeni mirasy ylmy taýdan öwrenmek we wagyz etmek boýunça köp işleriň ýerine ýetirilendigi guwandyryjydyr. Döwlet Baştutanymyz bu barada bellemek bilen, ýurdumyzda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin strategiýasyny işläp taýýarlamagyň zerurdygyny belledi. Ösen jemgyýete laýyk ýaşamaga ukyply, döwrüň ösüş depginlerine görä bilimleri ele alan, jemgyýetiň talaplaryna görä aýakdaş gadam urýan ýaşlary terbiýelemek milli bilim ulgamynyň möhüm wezipesidir. Alan bilimleriniň, başarnyklarynyň esasynda jemgyýetiň we özüniň şahsy bähbitlerini, milli gyzyklanmalary we umumadamzat gymmatlyklaryny utgaşdyryp bilmäge ukyply, döredijilikli, zähmetsöýer şahsyýetleri kemala getirmek bilim işgärleriniň mukaddes borjudyr.
Ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, sagdyn pikirlenip bilýän, milli däp-dessurlarymyza hormat goýýan we olary berjaý edýän, Watanyny jany-teni bilen söýýän, ata-enesine, özünden ululara hormat goýýan, edepli-ekramly bolup ýetişmekleri, dost-doganlyk ruhunda terbiýe almaklary üçin bilim edaralarynda ähli şertler döredilendir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlaryň bilim öwrenmeklerine, alan bilimlerini tejribede peýdalanmaklaryna giň mümkinçilik döredilendir. Bu babatda ýaşlaryň hünärlerini kämilleşdirýändiklerini we ylym bilen meşgullanýandyklaryny aýratyn bellemek bolar. Bu bolsa geljekde ylmy taýdan giň dünýägaraýşy bolan hünärmenleriň ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşjakdygynyň aýdyň mysalydyr.
Ýokary okuw mekdepleriniň esasy wezipeleri Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň pudaklary üçin düýpli ylmy we amaly taýdan kämil hünärmenleri taýýarlamakdan, şahsyýetiň bilimini çuňlaşdyrmaga we giňeltmäge bolan isleglerini kanagatlandyrmakdan, düýpli we ylmy-amaly barlaglary geçirmekden ybaratdyr. Jemgyýetiň ruhy-ahlak, medeni we ylmy gymmatlyklaryny toplamakda, goramakda hem-de baýlaşdyrmakda kämil hünärmenleriň orny uludyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Bilimleri, ylmyň dürli ugurlaryny özleşdirmek, il-ýurda mynasyp gulluk etmek beýik mertebedir. Ylym we bilim adama durmuş ýolunda üstünlik, abraý, sylag-hormat getirýän gymmatlykdyr, biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir hem-de nurana geljegimizdir» diýmek bilen, milli bilim ulgamynyň ýörelgeleriniň belent maksatlaryny beýan edýär.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda milli bilim ulgamynyň döwrebap ösdürilmegi ugrunda uly tagallalar edilýär. Munuň özi ýurdumyzyň ösüş depgininiň ýokary derejelere eýe bolýandygyny, ýaşlaryň döwrebap bilimleri özleşdirýändigini aýdyň beýan edýär. Halkymyzyň bagtyýarlygy üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Näzik Hudaýberdiýewa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallym-öwrenijisi.